Hytaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pekini etniki uýgurlara we beýleki azlyklara garşy genosidde günäkärläp çap eden beýanatyny ret etdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunying Pekindäki gündelik metbugat ýygnagynda žurnalistlere Hytaýyň Sinjiaň sebitinde musulmanlardan bolan azlyk toparlara garşy ulanylýandygy aýdylýan genosidiň "Hytaýda ozal, geçmişde hem hiç wagt bolmandygyny, häzirki wagtda-da bolmaýandygyny we hiç wagt hem bolmajakdygyny" aýtdy.
Onuň bu sözleri ABŞ-nyň möhleti tamamlanýan döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Hytaýyň Sinjiaň sebitindäki etniki uýgurlara we musulman azlyklaryna, esasan ýerli ilatdan bolan adamlara garşy "genosid we adamzada garşy jenaýat" edýändigini yglan etmeginiň yz ýanyndan aýdyldy.
"Men bu genosidiň dowam edýändigine ynanýaryn, özem biz uýgurlaryň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň "ugrukdyrmagynda we gözegçiliginde" ýok edilmegine yzygiderli synanyşyk edilýändigine şaýat bolýarys" diýip, Pompeo 19-njy ýanwarda, saýlanan prezident Jo Baýdeniň inagurasiýasyndan bir gün öň çap eden beýanatynda aýtdy.
BMG gürrüňi edilýän sebitiň "ekstremizme garşy merkezler" hökmünde häsiýetlendirilýän ýerlerinde azyndan 1 million etniki uýguryň we esasan ýerli musulmanlardan bolan beýleki azlyklaryň tussag şertlerinde saklanylýandygyny öňe sürýär.
Pekiniň bu desgalary adamlaryň terrorçylykdan saplanmagyna we jemgyýete gaýtadan goşulmagyna ýol açmagy maksat edinýän "hünär we bilim merkezleri" hökmünde görkezip, öz diýeninde berk durmagyna garamazdan, BMG ýene millionlarça adamyň mejbury ýagdaýda içerki lagerlere ýerleşdirilendigini aýtdy.
Hukuk goraýjylar hem Hytaýy Sinjiaňda, etniki azlyk bolup durýan toparlary nyşana alýan "mejbury" shema astynda, ýüzlerçe müň adamy zähmet lagerlerinde işletmekde aýyplaýar. Pekin bu aýyplamany hem ret edýär.
Pekiniň adam hukuklary babatdaky ABŞ syýasatynyň Ak tama gelýän täze administrasiýa döwründe hem üýtgemek ähtimallygynyň ýokdugyny görkezip, Baýdeniň döwlet sekretarlygyna hödürlän kandidaty Antoni Blinken hem 19-njy ýanwarda Pompeonyň kararyny goldaýandygyny aýtdy.
"Erkekleri, aýallary we çagalary zor bilen konsentrasiýa lagerlerine ýerleşdirmek, olary Hytaý Kommunistik partiýasynyň ideologiýasyna ygrarly bolar ýaly etmek üçin düýpden täzeden okatmak, bularyň ählisi genosid etmek tagallasyndan habar berýär" diýip, Blinken özüniň wezipä tassyklanmagy boýunça geçirilen senat diňlenişigi wagtynda aýtdy.
Bu meselede Pekine edilýän basyşlary güýçlendirmek bilen, ABŞ geçen ýyldan bäri resmileriň we kompaniýalaryň Taýwanda, Tibetde, Hoňkoňda we Günorta Hytaý deňzinde alyp barýan işlerine garşy sanksiýa girizýär.