Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy täze adrese göçdi


Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň ozalky ýerleşen ýeri (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň ozalky ýerleşen ýeri (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy täze adrese göçdi. Soňky aýlaryň dowamynda türkmen aktiwistleri türkmen wekilhanasynyň öňünde Türkmenistanyň hökümetiniň syýasatyny tankytlap ençeme protest çäresini geçiripdiler.

Türk mediasynyň türkmen resmilerine salgylanyp 1-nji noýabrda beren maglumatyna görä, konsulhana Stambulyň Mimar Sinan etrabyna göçüpdir.

Konsulhananyň täze adrese göçmegi, Türkmenistanyň haýyşy esasynda iki türkmen aktiwistiniň tussag edilendigi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

26-27-nji oktýabr aralygynda Ahmet Rahmanow we Kabul Abulow Stambulyň deportasiýa merkezinden azatlyga goýberildi diýip, bosgunlykdaky türkmen aktiwistleri we Human Rights Watch guramasy habar beripdi.

Geçen hepde Human Rights Watch Türkiýäni iki türkmen aktiwistini yzyna – Türkmenistana ugratmazlyga çagyrypdy. Hukuk topary olaryň sudsuz tussag edilmek we gynamalara duçar bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügini belläpdi.

Soňky aýlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler ýygjamlaşdy, şeýle-de olaryň Türkmenistandaky ýakynlaryna hem basyşlar güýçlendi.

Geçen ýyldan bäri türkmen raýatlary Türkiýede, Birleşen Ştatlarda we Demirgazyk Kiprde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy protestleri geçirýärler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary we hukuk toparlary Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda ozalky awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýete geçmegi bilen, dissidentleriň sesini basyp ýatyrandygyny, şeýle-de berk çäklendirmeli ýurtdaky ýagdaýlary üýtgetmek boýunça oňaýly çäreleri görmändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG