Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mary: restoran eýesi öz işgärlerini azyk ogurlygynda aýyplaýar


Illýustasiýa suraty. Türkmenistanda bir garbanyşhana.

Iş gününiň ahyrynda işgärlerimiň goşlaryny barladym. Olaryň her haýsynyň sumkasyndan 2-3 sany kartoşka, sogan we beýleki gök önümler hem-de biraz mesge çykdy diýip, maryly bir restoran eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Mundan ozal Azatlyk Radiosy Türkmenistanda agyrlaşan durmuş-ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurt boýunça köpelýän ogurlyk hadysalary, talaňçylyk we beýleki jenaýat hadysalary barada habar berip gelýärdi.

Şeýle habarlaryň iň soňkusy Mary welaýatyndan gelip gowuşdy.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan maryly bir restoran eýesi öz işgärlerini ogurlykda aýyplaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy restoranyň maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

“Her gün şeýdip, alyp otursaňyz, azyk dessine gutarar diýdim. Olar ‘ýok biz her gün alamyzok, diňe şu gün aldyk’ diýdiler” diýip, restoran eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýdýar.

Pandemiýa döwründe ýapyk galan restoranlaryň eýeleri geçen döwrüň özleri üçin düşewüntsiz bolandygyny aýdýarlar. Olar hem hökümetden, hem öz işgärlerinden şikaýat edýärler:

“Ilki başda hökümet bizi talady, iş ýerimizi ýapyp, bizi eklençsiz goýdy" diýip, restoran eýesi aýdýar.

Ol öz işgärlerinden düşündiriş sorandygyny gürüň berýär.

Restoran eýesiniň sözlerine görä, ogurlykda tutulan işgärler öz maşgalalarynyň iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýändigini we restorandan alýan gök-bakja önümleri bilen öýlerinde çagalaryna nahar bişirip berýändiklerini gürrüň berýärler.

“Naharhanalar gaýtadan açylyp, bizi işe çagyranyňyzda biz begendik. Gaty begendik. Sebäbi eklenç biziň üçin hem kynlaşdy” diýip, işgärler aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda kafeleriň we barlaryň ýaňy-ýakynda gaýtadan açylandygyny habar berýär.

Türkmenistan iki ýyl ozal yglan edilen pandemiýanyň fonunda karantin çäklendirmelerini girizdi. Türkmenistanda pandemiýa döwründe ýapyk galan iş ýerlerine döwlet tarapyndan berilýän ýardamlar barada maglumat ýok. Öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistan çäklendirme çärelerini giňden durmuşa geçirdi: gündelik zerur harytlardan başga önümler satylýan dükanlary, söwda we dynç alyş merkezlerini, bazarlary, restoranlary, kafeleri we beýleki garbanyşhanalary ýapdy, sebitara hereketi çäklendirdi, otly we uçar gatnawlaryny çäklendirdi. Soňy bile ýurtda karantin düzgünleri bölekleýin gowşap başlady.

Restoran eýesi we aşpezler karantinden soňra öz iş ýerleriniň gaýtadan açylmagyna özleriniň begendigini aýdýarlar. Ýöne şol bir wagtda müşderi ýetmezçiligi restoranlaryň işini bökdeýär.

“Ilkibaşda iş ýerini gaýtadan açmaga rugsat berenlerinde bir tarapdan begendim, sebäbi häzir işläp başlasam, söwda karantinden öňki ýaly gowy bolar öýtdüm. Ýöne, indi söwda-da ýok” diýip, restoran eýesi gürrüň berdi.

Ol müşderileriň seýrekdigi ýa-da ýoklugy sebäpli ýaňy-ýakynda gaýtadan işe girizen restoranyny wagtlaýyn öz islegi bilen ýapmakçy bolýar. Içerki ogurlyk hadysalarynyň bolsa öň bar bolan kynçylyklaryň üstüne goşmaça agram salandygyny aýdýar.

“Şu günler Oraza aýy dowam edýär. Adamlar agyzaçara geler öýdüp, nahar, salat we beýleki iýgi-içgileri taýýarladyk. Emma hiç kim gelmedi” diýip, maryly restoran eýesi zeýrenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG