Siriýadan – Duşenbä. Täjigistanly YD söweşijileriniň aýallary nirede ýerleşdirildi?

Siriýadan 146 täjigistanly çagalarnyň we aýallaryň ýurda gaýdyp gelmegi. NIAT "Hovar" suraty

“Yslam döwleti” toparynda bolan täjigistanly söweşijileriň Siriýadan watanyna getirilen aýallary we dul galan aýallar tussag astynda däl-de, şypahanalaryň birinde saklanýar.

Täjigistanyň Aýallar we maşgala işleri boýunça komitetiniň başlygy Hilolbi Kurbonzoda 2-nji awgustda geçiren ýarym ýyllyk metbugat ýygnagynda, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň beren soragyna jogap edip, Siriýadan getirilen aýallaryň parahat durmuşa uýgunlaşmagy üçin, belli bir wagt gerekdigini aýtdy hem-de munuň üçin iň amatly ýer şypahana diýdi.

“Biz her gün olaryň ýagdaýyny soraýarys, olar bilen gürleşýäris. Uruş şertlerinde köp ýyl ýaşan aýallaryň ruhy ýagdaýyny bilýärsiňizmi, ýurda gaýdyp gelenlerinden soň, olaryň adaty durmuşa dolanmagy üçin, belli bir wagt gerek" diýip, Hilolbi Kurbonzoda aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, ol aýallaryň anyk ýerleşýän ýerini aýtmady, şeýle hem olaryň işlerine nähili işjeň çemeleşiljekdigi, oňa adalatly serediljekdigi barada maglumat bermedi. Ýöne Kurbonzoda olaryň psihologlar we aklawçylar bilen üpjün edilýändigini mälim etdi.

Degişli maglumat Gyrgyz çagalary Yrakdan ene-atasyz gaýdyp geldiler

25-nji iýulda Siriýadaky kürtleriniň gözegçiligi astyndaky sebit hasaplanýan Hasaka sebitindäki Al-Hol lagerinden, 146 täjigistanly aýal we çaga Täjigistana gaýtarylyp getirildi.

2019-njy ýylyň ýazynda, Yrakdan 89 çaga Täjigistana gaýtarylyp getirilipdi. Ol ýurtda onlarça täjigistanly aýal uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi, emma olary yzyna gaýtaryp almak mümkin däl, sebäbi olara çykarylan hökümi öz ýurdunda geçmegi üçin, Yrak bilen Täjigistanyň arasynda, raýatlary ekstradisiýa etmek meselesinde, häzire çenli ylalaşyk ýok.

Bir topar aýallaryň we çagalaryň Siriýadan gaýdyp gelendigi baradaky habar Duşanbe şäheriniň ýaşaýjysy Sabzagül Kamolowada umyt döretdi, onuň gyzy Yrakda galypdy. Onuň gyzy Zuhro Hojaýewa 2014-nji ýylda, adamsy we dört çagasy bilen Yraga gitdi. Ol eýýäm tussaglykda wagtynda, bäşinji çagasy dünýä indi. 2019-njy ýylda Täjigistan häkimiýetleri beýleki onlarça çaga we ýetginjekler bilen birlikde, Zuhronyň hem bäş çagasyny watanyna gaýtaryp getirdi.

Sabzagül Kamolowa YD söweşijileriniň aýallarynyň we çagalarynyň Siriýadan gaýdyp gelendigi baradaky habaryň gyzynyň gaýdyp gelmegine bolan umydyny ýaňadan dikeldýändigini aýtdy. “Biz oňa elmydama garaşýarys, ol, belki, bu günde-ertede gaýdyp geler diýip garaşýarys. Ondan başga zat hakda pikir edip bilemok, biz oňa we agtyklaryma garaşýarys" diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Täjigistandan bolan YD söweşijileriniň aýallary hem maşgala agzalary ýurduň häkimiýetlerine ol gidenleriň yzyna gaýdyp gelmegi üçin, birnäçe gezek ýüz tutupdylar. Olaryň özleri-de ygtyýarlygy bolan edaralara ýüz tutup, ol ýerde söweşleriň henizem dowam edýändigini aýdyp, yzyna – Täjigistana dolanmak isleýändiklerini mälim edipdiler.

Degişli maglumat "Bizi öýümize getiriň". Siriýadaky bosgunlar lagerinde galan täjik aýallary Emomali Rahmondan kömek soraýarlar

Dini meseleler boýunça bilermen Faridun Hodizoda ol aýallaryň köpüsiniň Ýakyn Gündogara ärleriniň ündewi bilen gidendigine garamazdan, olaryň günäleriniň ýokdugyny, şoňa görä-de, olara ýowuz daraşmaly däldigini aýdýar. “Olar bilen adwokat işleşmeli, munuň özi gaty möhüm. Elbetde, olara öz maşgala agzalary – kakasy, ejesi ýa-da dogany bilen duşuşmaga mümkinçilik bermeli. Hatda tussaglykda saklanýan adamlaryň hem ýakynlaryny görmäge hukugy bar" diýip, ol bilermen hasap edýär.

Häkimiýetler gaýdyp gelen aýallaryň köpüsiniň söweş döwründe öldürilen YD söweşijileriniň aýallarydygyny aýdýarlar. Ol aýallaryň bir bölegi türmelerde, bir bölegi hem bosgunlar lagerlerinde galdy.

2014-nji ýyldan bäri, ýagny “Yslam döwleti” döredilýär diýlip, Yslam halyfatynyň döredilendigi yglan edileninden soň, Täjigistan häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Täjigistanyň takmynan 2000 raýaty Siriýa we Yraga gidipdi. Olaryň köpüsi öldürilendir, ýa-da türmä basylandyr, ýa-da dereksiz ýitendir diýip hasaplanýar.

Degişli maglumat "Geçmiş bilen aramy üzdüm". Siriýadan gelenden soň türmede oturyp çykan aýalyň ýatlamasy

Sarwinoz Ruhullo, Nigora Fazliddin, AÝ/AR-nyň Täjik gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.