Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi dowam edýän mahaly, lebaply ene-atalar çagalaryny ýurduň "gowy we howpsuz" harby bölümlerine ýerleşdirmek üçin degişli resmilere para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda zähmet haklarynyň wagtynda tölenilmegi bilen bagly meseläni gozgaýan wagty, ýurtda käbir edara-kärhanalar öz işgärlerine aýlyk haklaryny töläp bilmeýär.
Şu hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň käbir welaýatlaryna sapar etmegine garaşylýar. Saparyň dowamynda welaýatlarda birnäçe etraby we döwlet kärhanalaryny birleşdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmen DIM-i ýurtdaky diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, türkmen resmileriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda koronawirus ýokaşmasyndan goranmak çärelerine bagyşlanan brifing geçirdi.
Geçen aýyň aýagynda Moskwadan Gyrgyzystana aýratyn reýs bilen 400 adam dolanyp geldi. Olaryň aglaba köplügini çagalar hem göwreli aýallar düzýär. Häzire çenli ýurda uçup bilmedik aýal-migrantlar hökümete ýüz tutmaly boldular hem-de karantin bilen baglanyşykly düşen agyr ýagdaýyny aýtdylar.
Aý başynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde we paýtagt Aşgabatda adamlar aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmak üçin aşa yssy howada pully bankomat gözleýär, işleýän bankomatlarda uly nobatlar döreýär.
Türkiýäniň Stambul şäheriniň Maltepe etrabynda Türkmenistanyň bir raýaty bir öýde ýaşaýan watandaşyny öldürenden soň, polisiýa bölümine baryp, özüni türk resmilerine tabşyrdy.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň döwlete degişli dükanlarynda ösümlik ýagy, şeker, ýumurtga we towuk budy bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykaryldy. Bu gyt azyk önümleriniň ilata satylýan mukdary azaldylan mahaly, olaryň bahalary ýokarlandyryldy.
Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan heläkçilikli tupanyň üstünden bir aýdan gowrak wagt geçensoň, öňümizdäki hepdäniň başlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sebitlere sapar etmegine garaşylýar.
Gyrgyzystandan bolan Çynara Žantoşewa Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) döwlet klinikasynda işleýärkä, Dubaýyň emiri Maktum ibn Raşid al Maktumdan, koronawirusa garşy göreşde tapawutlanandygy üçin, «altyn wiza» baýragyna mynasyp boldy.
Türkmen diliniň sözlüklerinde “polisiýa” we “milisiýa” sözleriniň ikisine birden düşündiriş berilmeýär.
Lebap welaýat hassahanasynyň lukmanlar toparyna maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak barada dilden görkezme berildi. Şeýle-de, öň welaýat hassahanasynda 5 ýyl saglyk bejergisini alan näsaglaryň maýyplygy tassyklanan bolsa, indi bu möhlet 10 ýyla çykaryldy.
Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynda bolan apy-tupandan bir aý geçendigine garamazdan, Garagum etrabynyň ençeme geneşligi häzire çenli elektrik toksuz kösenýär.
Çarşenbe güni Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen welosiped ýörişine müňlerçe resmi gatnaşdyryldy, ekssentrik lider Gurbanguly Berdimuhamedow ýörişiň başyny çekdi diýip, AFP habar agentligi Aşgabatdan habar berýär.
Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda ilatyň aýlyk, pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy Lebapdan we Marydan habar berýär.
Hytaýyň Sinjiangda alyp barýan jeza beriji syýasatyna garşy jogap hökmünde girizilmeli sanksiýalar baradaky kanun proýekti Kongresde tassyklanyp, ABŞ-yň prezidentiniň gol çekmegine hödürlendi.
Ýene-de ýükle