Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
30-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TDH-nyň habaryna görä, “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda permana gol çekdi.
1-nji iýunda Türkmenistanyň umumybilim berýän ähli orta mekdeplerinde gutardyş we klasdan klasa geçiş synaglary başlandy.
Mundan beýläk, paýtagtyň döwlet dükanlarynda edilen bir gezeklik söwdada 1 litr ösümlik ýagy bilen bir hatarda, onuň gapdalyndan bahasy 7 manatdan ýarym kilogram nohut ýa-da tüwi satyn almak talap edilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň körpelerini 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, olaryň "akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleri döredýäris" diýdi.
Gepleşikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkeziniň müdiriniň, Türkmen Milli Dünýä Dilleri institutynyň bir mugallymynyň, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň bir wekiliniň sözleri getirilýär.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň öňünde döredilýän emeli kösençlikleriň köpelmese, azalmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Mundan dokuz ýyl öň, 2011-nji ýylyň 26-njy maýynda Gazagystanyň Žaňaözen şäherindäki «Özenmunaýgaz» kompaniýasynyňüç müňden gowrak nebitçisi zähmet şertleriniň ýaramazlygyna närazylyk bildirip, iş taşlaýyş yglan etdi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.
Hytaý ýuwaş-ýuwaşdan Merkezi Aziýada yzygiderli howpsuzlyk täsirini artdyrýar we Russiýa bilen aradaky ara tapawudy azaldýar. Bu meýil “öňümizdäki on ýyllykda” Moskwanyň sebitdäki täsirini “gowşadyp” biler, diýlip täze hasabatda aýdylýar.
Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan tupandan bir aý çemesi wagt soň, onuň netijeleri we pida bolan adamlar baradaky maglumatlar heniz hem gümürtikliginde galýar.
Aşgabadyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri zenan sürüjileriň resminamalaryny ellerinden almak çärelerini güýçlendirdiler. Lebap welaýatynyň ýol polisiýasy dürli reňkdäki ulaglar bilen bir hatarda, tigirleri gara diskli ak ulaglary hem "awlaýarlar".
Human Rights Watch (HRW) guramasy Türkmenistanda erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkekleriň türmä basylmagynyň dowam edýändigini aýdyp, Aşgabatda gomeseksuallykda aýyplanyp tussag edilen belli şoumen ýigidiň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada beýanat ýaýratdy.
Türkmenistanda un ýetmezçiligi türkmen häkimiýetlerini bugdaý ekinlerine gözegçiligi güýçlendirmäge mejbur edýär. Bu barada "Turkmen.news" neşiri Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky çeşmelerine salgylanyp, 27-nji maýda habar berdi.
Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň onlarçasynda 1000-den gowrak işgär işinden boşadyldy. Bu barada işden çykarylan raýatlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Mary welaýatynda "Soňky jaň" dabaralary üçin harajat tapmaýan mekdep okuwçylarynyň ýene biri öz janyna kast etmäge synanyşyp, özüni dördünji gatdan aşak oklady. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy häzirki wagt okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýar.
Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda raýatlaryň hereket çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Lebap-Aşgabat aralygynda gizlin kireý etmäge synanyşýan hususy taksi sürüjileri häkimiýetler tarapyndan tutulyp, jogapkärçilige çekilýär.
Ýene-de ýükle