Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif, eger-de Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çyksa, Tähranyň öz ýadro programmasyny “uly tizlik bilen” dikeltjekdigini aýdýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 21-nji aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Özbegistana boljak sapary barada garaşsyz metbugatda çykan habarlary tassyk etdi.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un öz ýurdunyň ýadro ýaragy, raketa synaglaryny togtatjakdygyny, ýadro ýaraglarynyň synag edilýän ýerini ýapjakdygyny aýdýar diýip, Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar gullugy habar berdi.
Daşary ýurtda bilim alýan bir türkmen talyby Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartynda bar bolan puluny nagtlaşdyryp bilmän, “janynyň ýanandygyny”, şol sebäpden ol kartyny gaýçy bilen kesmek kararyna gelendigini aýtdy.
Golaýda Moskwadan Aşgabada syýahat eden bir türkmenistanly Aşgabadyň Halkara howa menzilindäki başdan geçirmelerini Azatlyga gürrüň berdi.
Ýerewanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlanmagyna garşy protestler dowam edýär. 20-nji aprelde azyndan 65 adam tussag edildi.
Aşgabadyň S.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň böwrek keselleri bölüminde, näsaglaryň bolýan otaglarynyň juda hapadygyny, ol ýerde saçakçylaryň, garynjadyr syçanlaryň häli-şindi abat bolmadyk pollaryň deşiklerinden girip-çykýandyklaryny görmek bolýar.
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaprezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapara gelmegine berk taýýarlyk görülýär diýip, Daşoguzdaky çeşme habar berýär.
Türkmenistanyň çäginde soňky ýyllarda geçirilýän administratiw bölünişikleriň netijesinde, ilat üçin dürli kynçylyklaryň ýüz berýändigi aýdylýar.
Ýurtlaryň goşun we goranyş kuwwaty boýunça deňeşdirmeli sanawyny çap edýän Global Fire Power merkeziniň “Military Strength Ranking 2018” atly soňky hasabatynda, Türkmenistan ýurduň goşunynyň kuwwaty boýunça dünýäde 139 döwletiň arasynda, 80-nji orunda ýerleşdirilýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, eklenç gözlegine daşary ýurtlara giden türkmen migrantlaryny yzyna getirmek üçin, häkimiýetleriň maý aýynda nobatdaky çäreleri durmuşa geçirmäge taýýarlanýandygy habar berilýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda özleriniň haýsy edara degişlidigini aýtmazdan, häkimiýetler mekdeplere we sport bilen bagly edaralara aýlanyp, adamlara Internetiň üsti bilen ýurduň daşyna negatiw maglumatlary ibermezlik barada berk duýduryş berýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 19-njy aprelde gizlinlik şertlerinde habar berdi.
Ermenistanyň polisiýasy paýtagt Ýerewandaky möhüm hökümet binalarynyň daşyny gabap, oppozisiýanyň tarapdarlaryny yza tesdirdi we olaryň onlarçasyny tussag etdi.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow parlamentiň hökümete bildiren ynamsyzlyk sesinden soň, ýurduň hökümetini dargatdy.
Daşoguz welaýatynyň çagalar baglarynda okuw tölegleri 10 esse gymmatlansoň, çagalar baglaryna gatnaýan okuwçylaryň sany ep-esli azaldy.
Azatlyk 17-nji aprelde Arçabil etrabynyň polisiýa bölümine jaň edeninde, olar bolan hadysany gytaklaýyn tassyklady. Ýöne, ynha, türkmen hökümetine ýakyn “Arzuw News” atly bir websaýt heläkçilik baradaky maglumatlary häkimiýetlere salgylanyp ret edýär.
“Şu günler Aşgabadyň köçelerinde hapa awtomobilleri awlamak, ýagyşdan soň maşynlaryny ýuwup ýetişmedik sürüjilerden pul ýonmak güýçlendi” diýip Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky çeşmesi habar berýär.
Türkmen hökümetindäki çeşme prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň basym hökümet agzalaryndan, telekeçilerden we medeniýet, sungat işgärlerinden düzülen uly delegasiýa bilen Özbegistana sapar etjekdigini habar berýär.
Ermeni kanunçykaryjylary Serž Sarkisýany, ýurtdaky köpçülikleýin protestlere garamazdan, ýurduň täze ministri wezipesine tassykladylar.
Bu ýyl Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşiklerine 15-20 gektar meýdana kartoşka ekmek plan borçnamasy berildi, ýöne olaryň hiç haýsysyna döwlet tarapyndan tohumlyk berilmedi.
Ýene-de ýükle