Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan türkmen talyplary özleriniň türkmen banklaryndan berlen Visa kartlaryny bilim alýan ýurtlarynda kadaly ulanyp bilmeýändiklerini aýdyp, şikaýat edýärler. Bu barada agzalýan kynçylyklary başdan geçirýän talyplaryň özleri Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Ýanwar aýynyň aýagynda ýitirim bolan türkmenistanly student Mukaddes Nasyrlaýewa Kiýewdäki Paton köprüsinden özüni suwa talap, janyna kast etdi, gyzyň hossarlary dekanaty günäkärleýär diýip, “Fakty” neşiri habar berýär.
ABŞ-nyňa kanun çykaryjylary rus agentleriniň topary tarapyndan 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek ugrunda edilendigi aýdylýan tagallalaryň geriminiň şeýle giň bolmagyndan howsala bildirdiler.
Türkmenistanda raýatlaryň döwlet banklaryndan özleri üçin elýeterli bolan käbir ýeňillikli kreditleri almak mümkinçiliklerinden paýdalanmaklaryna dürli kynçylyklaryň döredilýändigi, has takygy, banklardan soralýan karz puluň algydaryň plastik kartyna geçirilmeli edilýändigi, muňa razy bolmadyk adamlardan nagt pul üçin belli bir mukdarda muzd talap edilýändigi öňe sürülýär.
14-nji fewralda döwlet ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda gurlan täze binalaryň açylyşyna bagyşlanyp geçirilen dabarlar ýerli ilat üçin bir topar amatsyzlyk döretdi.
Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň gün-günden ýokarlanýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Satyjylar bahalaryň ýokarlanmagyny dollaryň bazar bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler. Muňa garamazdan, ýerli azyk önümleri hem gymmatlamagyny dowam etdirýär.
Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.
2017-nji ýylyň aprel aýynda Şwesiýada bir ýük maşynyny köçeden barýan märekäniň üstüne sürüp, ençeme adamyň ganyna galan hüjümçi Stokgolm kazyýetinde barýan prosesiň ilkinji güni özüniň etmişlidigini boýun aldy.
Aşgabat şäheriniň etegindäki Köşi, Hitrowka, Çoganly atlandyrylýan böleklerinde bar bolan hususy jaýlaryň üçeklerini gyzyl ýa ýaşyl reňke boýamak indi köp ýyllardan bäri ýaşaýjylardan talap edilip gelinýär.
"Oxford Global Languages (OGL)" diýen at bilen tanalýan Oksford dil guramasy tatar dilini özüniň internet sözlügindäki dilleriň sanawyna goşdy. Şeýlelikde, tatar dili bu sanawa goşulan ilkinji türki dil boldy.
2017-nji ýylyň aprel aýynda Stokgolmda bir ýük maşynyny adamlaryň üstüne sürüp, bäş adamyň ölümine sebäp bolan 39 ýaşly özbek raýaty 13-nji fewralda kazyýet öňüne getirilýär. Şwesiýa başpena sorap gelen Rahmat Akilow terrorçylykda aýyplanýar.
Eýran asylly kanadaly alym, tebigaty goraýjy aktiwist Tähranyň türmesinde ardan çykdy. Bu habary onuň ogly 10-njy fewralda twitter we instagram arkaly ýaýratdy.
Orsýetli kyrk bäş atlet bilen iki treneriň sport baradaky ýokary kazyýete beren arzasy ret edildi. Olar indi Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçjek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmeýärler
Orsýetde 18-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynda sekiz kandidat özara bäsleşige çykar, pikir soramalar prezident Wladimir Putiniň ýene bir alty ýyl möhleti arkaýyn utjagyny ýaňzydýar.
Ýene-de ýükle