Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti, talantly howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýew tragiki ýagdaýda aradan çykdy.
Türkmenistana aýazly howanyň birden gelmegi bilen ýurduň dürli sebitlerinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda ýaşaýjylar we hojalyklar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular; mekdeplerde kiçi klas okuwçylarynyň sapaklary ýatyryldy.
"The Independendt" gazeti aýtmyşlaýyn ol dünýäniň iň baý we iň bagty çüwen adamynyň biridir. Ol "Microsoft" firmasynyň baştutany bolmak ýaly uly jogapkärçiligi öz başyndan sowandan soň görnüşine görä kitap okamaga has köp wagt tapýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýa we Russiýa “garşy durmalydygyny” aýdyp, bu ýurtlary Birleşen Ştatlaryň bäsdeşleri diýip atlandyrdy.
Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ilata hyzmat edýän liftleriň ýaşaýjylaryň rahatlygyna uly zeper ýetirýändigi baradaky maglumatlar ozalkylygynda galýar.
Birleşen Ştatlaryň gazna departamenti prezident Wladimir Putin bilen ýakyn ilteşikli 210 sany rus resmileriniň we milliarderleriniň gyzyklanma bilen garaşylan sanawyny çap edip, Kremli gahar-gazaba mündürdi.
Eýranyň nebit ministriniň 29-njy ýanwarda IRNA habar gullugyna aýtmagyna görä, Tähran Türkmenistanyň garşysyna ýene bir şikaýat bilen Halkara arbitraž kazyýetine (HAK) ýüz tutmakçy bolýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen 29-njy ýanwarda Moskwada duşuşar. Iki lideriň arasynda geçjek gepleşikler, beýleki temalar bilen birlikde, Siriýada barýan konflikt, şeýle hem Eýranyň regiondaky gatnaşyklary hakda bolar diýip çaklanýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň welaýatlara saparlary wagtynda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, edara-kärhanalaryň işgärleriniň köp köseniçliklere hem çykdajylara sezewar bolýandygy hakda maglumatlar artýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda “Hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmejegini” aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda geçiren giňişleýin hökümet maslahatyny öz orunbasarlaryny täzelemekden, täze ministrleri we beýleki jogapkär ýolbaşçylary wezipä bellemekden başlady.
25-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar Moswkany, Orsýetde öndürilen söweş uçarlaryny Birma satmak boýunça ylalaşygyny täzeden gözden geçirmäge çagyrdy. Birmada etniki konfliktler sebäpli durnuksyzlyk ýüze çykypdy.
Daşoguzda polisiýa goýy reňkli ulaglary tehniki barlagdan geçirmeýär, şeýle-de ulagyň guratlygy baradaky şahadatnamany bermeýär.
25-nji ýanwar gijesi Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň köp gatly jaýlarynyň ýyladyş ulgamy öçürildi.
Geçen sentýabrdaAşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenleriniň birnäçesiniň netijeleri ýatyrylyp, medallary alnyp, käbirlerine hatda uzak ýyl türme tussaglygy berildi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Afrin şäheriniň kürtleriň gözegçiligindäki bölegine garşy serhetaşyr operasiýalary güýçlendirmek wadasy Ankaranyň ýaranlarynyň ençemesinde aladalanma döretdi.
Mary welaýatynyň etraplarynda soňky üç aýdan bäri un gytçylygnyň aradan aýrylmaýandygy aýdylýar.
Donald Tramp prezidentlik saýlawy mahalynda, musulman bosgunlaryň ABŞ-a gelmegini doly gadagan etmek barasynda söz beripdi.
Ilatyň hususy jaýlarynyň ýumrulyp, Parahat-7 kiçi etrapçasyna mejbury göçürilip getirilenine 5 ýyl wagt geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda Parahat-7/1 kiçi etrapçasynyň üpjünçilik işleri entegem ýola goýlanok. 19-njy hem 20-nji jaýlara gelýän agyz suw we lagym turbalarynyň birnäçe gezek ýarylyp, olaryň gaýta-gaýtadan täzelenýändigini görse bolýar.
Ýene-de ýükle