Günbataryň köpçülikleýin habar serişdeleriniň eline düşen bu maglumat bazasynda, Hytaý hökümetleriniň Şinjiangda ýaşaýan müňlerçe musulmanlaryň ykbalyna nähili çemeleşýändigi, olaryň «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerine» salynýandygy barada faktlar bar.
Kremldäki Gurultaýlar köşgünde Gyrgyzystanyň Russiýadaky hem-de Russiýanyň Gyrgyzystandaky eriş-argaç ýylynyň dabaraly açylyşyna Moskwada we Orsýetiň sebitlerinde ýaşaýan dört müň gyrgyzystanly gatnaşdy.
Daşkentde güýç ulanyjy guramalaryň ýokary derejeli onlarça gullukçysynyň üstünden ýapyk sud işi başlandy. Onda Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň, Goranmak ministrliginiň hem beýleki edaralaryň işgärleri bar.
Daşkent birnäçe çäklendirmeleri wagtlaýyn aradan aýrandan soň, Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlarynda okaýan özbegistanly müňlerçe student öz ýurdundaky ýokary okuw jaýlaryna dolanmaga howlugýarlar.
Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň Jalal-Abat şäher keselhanasynda iki aýal pyçak ýarasyndan ejir çekip, saglygyny bejerdýär. Aýdylyşyna görä, olar öz ärleri tarapyndan pyçaklanypdyr.
2005-nji ýylyň 13-nji maý ertiri ýaragly adamlar Özbegistanyň gündogar çetinde ýerleşen Andijana okdurylyp girdiler. Olaryň arasynda türmeden gaçanlar hem bardy.
Täjigistanda Aýallaryň işi baradaky komitetiň bir bölüminiň ýolbaşçysy Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Nilufar Rajabowanyň işi bilen baglanyşykda käýinç aldy.
Hytaýyň Wuhan şäherinden ýaýran koronawirus sport ýaryşlarynyň planlaşdyrylyşyna düýpli üýtgeşme girizdi. Ýokanç wirus sebäpli fewral-aprel aýlary aralygynda bellenen köp ýaryşlar ýatyryldy.
Dangara Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň kiçi watany saýylýar. Ol ýere soňky ýyllarda inwestisiýanyň uly bölegi goýberilip başlandy. Bu ilatly punkty welaýatyň administratiw merkezi etmek göz öňünde tutulýar.
10-njy fewralda Özbegistanyň Nowaýy şäherindäki «Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden bir işçi aýal ýanwar aýy üçin aýlygynyň kadadakydan 2,5 az berleni üçin, zawodyň direktorynyň hem hasapçysynyň üstüne pyçakly topulýar.
Täjigistanyň düzediş koloniýalaryndan bäş işgär hyýanatçylykda hem korrupsiýada aýyplanyp saklandy. 11-nji fewralda ýurduň Döwletmaliýekontrollygy agentliginiň hem korrupsiýa garşy göreş edarasynyň mälim etmegine görä, olar tussaglara saklanyş şertlerini gowulandyrmagy wada berip, para alypdyrlar.
Ýene-de ýükle