Sepleriň elýeterliligi

Türkmenbaşyda beriljek dükanlyk ýerler 'ýok ýerden agzalalyk döredýär'


Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) şäheri

Türkmenbaşy şäherinde häkimiýetler telekeçilere hususy dükan gurmak üçin ýer bermegi planlaşdyrýarlar, ýöne dükan ýerleriniň ýerli telekeçilere däl-de, ýurduň başga regionlaryndan gelip dükan gurjak telekeçilere berilmek ähtimallygyndan alada bildirilýär. "Bu ýok ýerden agzalalayk döretmek bolýar" diýip, ýerli telekeçi aýdýar.

Türkmenbaşyly telekeçiler hususy dükan üçin ýer bermek gürrüňiniň geçen ýylyň dekabr aýynda çykandygyny we şu günler çynyrgap ýörendigini habar berdiler.

Plana görä, dürli söwda dükanlaryny gurmak üçin her telekeçä orta hasap bilen 2 sotuk, ýagny 200 kwadrat metr meýdany bolan ýer bermek nazarda tutulýar we häzir bu ýerleriň beriljek adamlarynyň deslapky sanawy düzülýär diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli telekeçi aýtdy.

Göz öňünde tutulýan hususy dükanlar Türkmenbaşy şäheriniň Awaza böleginde däl-de, Kenar diýen böleginde gurulmaly. Telekeçileriň gürrüň bermeklerine görä, dükan gurmak üçin bölünip beriljek ýerlerde ýa-da şol ýerleriň golaýynda ozal şäher häkimliginiň rugsady bilen gurlan hususy dükanlar bar eken.

“Emma ol dükanlar soňky iki-üç ýylda dürli sebäpler ýa bahanalar esasynda ýykylyp aýryldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran telekeçi aýtdy. Indi häkimiýetler şol ýerlerde hususy dükanlar toplumynyň gurulmagyna razylyk berýändiklerini aýdypdyrlar, emma ýerli telekeçileriň bu mesele boýunça uly nägileligi bar. Sebäbi Türkmenbaşy şäheriniň häkimligi ýerli telekeçileriň dükanlyk ýer üçin beren arzalaryny kabul etmeýär. Olara “Siz Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy däl, şu sebäpden size ýer bermek bolanok” diýip jogap berýärler.

Netijede, Aşgabatda ýa Daşoguzda hasaba alnan hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan uly firmalar Türkmenbaşyda berilýän dükanlyk ýerleri aljaklaryň sanawyna girizilýär.

“Ýurtda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi diýilýän guramanyň monopoliýasy emele geldi, şol monipoliýa-da häzir öz islän işini edýär.
A.Bugaýew

Türkmenbaşydaky ýerli telekeçileriň biri Azatlygyň “Siz näme üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolmaýarsyňyz?” diýen soragyna şeýle jogap berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolmak üçin orta hasapdan 6 müň manat tölemeli, bu köne pulda 30 milliona ýakyn manat bolýar.Emma bu diýilýän puly tapyp, agza bolanyň bilen hem iş gutarmaýar. TSTB-niň agzasy bolan firmalara ýokardan basyş kän. Mysal üçin, 5-nji Aziýa oýunlaryndan öň bu firmalary meýletin töleg tölemäge mejbur etdiler, men ol tölegi töläp bilmedim we öz firmamy ýapdym” diýip, howpsuzlyk ýagdaýy zerarly adyny aýtmazlygy soran telekeçi aýtdy.

(Ýurtda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine kömek üçin soralýan puly berip bilmedik onlarça firmanyň ýapylandygy barada Azatlyk radiosyna ozalam habar gowuşdy, emma ol firmalaryň anyk sanyny bilmak başartmady.)

Türkmenbaşyly telekeçiler "häkimiýetleriň telekeçileri TSTB-niň agzasy ýa agzasy däl diýen toparlara bölmeginiň, agza bolanlara artykmaçlyk bermegiň bikanyn hereketdigini" aýdýarlar.

“Firma ýa iş açan adam öz işini resmileşdirende, onuň firmasy ýurduň ýeke-täk reýestrinde hasaba alynýar, bu ol firmanyň ýurtda kanuny edaradygyny we telekeçilere berilýän ähli hukukdan peýdalanmaga haklydygyny görkezýär” diýip, 60 ýaşyndaky telekeçi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Balkan welaýatyndaky wakalary ýakyndan yzarlaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä,Türkmenbaşyda ýerli telekeçileriň almaly ýerleriniň beýleki regionlardan gelen telekeçilere beriljek bolmagynyň arkasynda ýatan esasy sebäp ýurduň hususy pudagynda döwlet tarapyndan döredilen monopoliýa bilen bagly we bu ýagdaý beýleki şäherlerde hem gaýtalanyp biler.

Ýurtda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi diýilýän guramanyň monopoliýasy emele geldi, şol monipoliýa-da häzir öz islän işini edýär” diýip, Bugaýaew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenbaşyda ýaşaýan ýerli telekeçiler şeýle monopoliýanyň emele gelmegi bazar ykdysadyýetiniň kanunlaryna ters gelýär diýip pikir edýärler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda “Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler” diýilýär. 47-nji maddada bolsa, “Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr” diýilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG