Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH: Pakistan gazyň söwdasy, tranziti barada ylalaşyga gol çekmegi planlaşdyrýar


Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylary TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutýarlar, Türkmenistan, 13-nji dekabr, 2018.
Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylary TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutýarlar, Türkmenistan, 13-nji dekabr, 2018.

Pakistan indiki ýylyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň esasynda gazyň transport edilmegi we tranzit tölegleri, gazgeçirijini dolandyrmak düzgünleri şeýle-de inženerlik işleri (Front End Engineering Design FEED) boýunça ylalaşyklara gol çekmegi planlaşdyrýar. Bu barada “Pakistan observer” neşri habar berýär.

“TOPH proýekti boýunça işler, şol sanda gaz geçirmek, gazgeçiriji boýunça hyzmatlara degişli düzgünler, tranzit tölegleri boýunça ylalaşyga gol çekilmegi we inženerlik (FEED) işleriniň gutarylmagy 2018-2019-njy ýyllaryň dowamynda başa barar” diýip, resmi çeşmeleriň APP agenligine aýdandygy maglumatda bellenýär.

Şeýle-de, maglumatda şu ýylyň fewral aýynda TOPH proýekti boýunça uly öňegidişligiň bolandygy, onuň Türkmenistandan Owganystana geçendigi habar berilýär.

Şeýle-de, pakistanly resmiler TOPH proýektiniň Pakistandaky bölegine degişli işleri amala aşyrýan kompaniýa “Inter State Gas Systems (Pvt) Limited” kompaniýasynyň (ISGSL) inženerlik işleriniň (FEED) düýbüni tutandygyny mälim edip, turba liniýalary, Inženerlik, üpjünçilik we gurluşyk işlerini amala aşyrjak kontraktoryň bellenmegine degişli prosesiniň başlanandygyny habar beripdir.

Türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üstünden Hindistana akdyrmagy göz öňünde tutýan gaz turbasynyň 1814 kilometrlik umumy uzynlygynyň 800 kilometri Pakistanyň üstünden geçer.

Pakistanyň TOPH proýekti boýunça gazyň akdyrylmagy, onuň tranzit tölegi, gazgeçirijini dolandyrmak düzgünleri barada ylalaşyklara ýakyn wagtda gol çekmek boýunça habar berlen soňky planlary Türkmenistanyň TOPH gaz geçirijisiniň maliýeleşdirilmegini gysga wagtda doly üpjün etmek planyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

​“Biz maliýeleşdirmeleriň ýylyň üçünji çärýeginde indiki 3-4 aýda tamamlanmagyna garaşýarys” diýip, TOPH gazgeçiriji kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Muhammetmyrat Amanowyň aýdandygyny 23-nji maýda Reuters habar berdi.

Pakistan TOPH proýektiniň öz Milli energiýa syýasatynda möhüm orun tutýandygyny belleýär we onuň ýurduň geljekde energiýa zerurlyklaryny üpjün etmek üçin kuwwatyny artdyrmagyna we ykdysadyýeti ösdürmegine umyt baglaýarlar.

2017-nji dekabr aýynda Pakistanyň prezident Mamnun Huseýn öz türkmen kärdeşi bilen TOPH geçirijisini bellenen wagtyndan ir gurmagyň möhümdigi barada bir pikire gelendigini mälim edipdi.

2015-nji ýylda düýbi tutulan gaz geçirijiniň gurluşygy birnäçe gezek yza tesdirildi. Gazgeçirijiniň başda 2017-nji ýylyň aýagyna bellenen açylyşy soň 2019-njy ýyla çenli süýşürilipdi. TOPH-yň durmuşa geçirilmeginiň 2020-njy ýyla çenli yza tesdirlendigi 2017-nji ýylyň ýanwarynda yglan edildi. Pakistanyň tebigy resurslar ministrligi munuň sebäbini düşündirip, 2016-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň proýektiň maliýeleşdirilmegine degişli ähli meseleleri çözmek borjuny öz üstüne alandygyny, emma soň ylalaşygyň wagt möhletini ýene ýarym ýyl yza çekdirendigini mälim edipdi.

Aşgabat Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan tarapyndan düýbi tutulan TOPH gazgeçirijiniň gurluşygynyň maliýe üpjünçiliginiň 85% öz üstüne alypdy. Galan ýurtlar TOPH-y maliýeleşdirmegiň 5%-ni üpjün etmek borjuny öz üstüne alypdy.

Gazgeçirijiniň bahasyna degişli 8 we 22.5 milliard amerikan dollaryna arasyndaky dürli sanlar berilýär.

Türkmenistan TOPH gazgeçirijisiniň öz territoriýasyndan geçýän böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13 dekabrynda başlapdy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, turbanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň 2018-nji ýylyň aýagynda tamamlanmagyna garaşylýar.

Şu ýylyň 23-nji fewralynda gazgeçirijiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygy başlandy.

TOPH-yň maliýe üpjünçiliginiň uly bölegini öz üstüne alan Türkmenistan maliýe çeşmeleri barada anyk maglumat bermeýär. 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aziýanyň ösüş banky TOPH proýektini goldamaga taýýardygyny mälim edipdi, Hytaýyň CNPC kompaniýasy bolsa, proýektiniň gurluşygy üçin Türkmenistana ýardam bermäge taýýarlyk bildiripdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan TOPH-yň gurluşygyna gatnaşmak niýetiniň bardygyny mälim etdi. Mundan öň 2017-nji ýylyň iýun aýynda özbek resmileri TOPH proýektiniň operatory bolup biljegini we proýekte goşulmak barada özüne Türkmenistan tarapyndan teklip edilendigini mälim edipdi.

Türkmenistan TOPH arkaly ýylda 33 milliard kubometr gaz satmagy planlaşdyrýar. Tebigy gaza baý Türkmenistan häzirki wagtda gaz eksportynda diňe bir ýurda Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG