Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny maslahat etdiler


Türkmenistanyň demokratiýa we adam hukuklary instituty (arhiw suraty)
Türkmenistanyň demokratiýa we adam hukuklary instituty (arhiw suraty)

Türkmenistanda adam hukuklary meselesi maslahat edildi. Döwlet, kanun we demokratiýa institutynda 24-nji oktýabrda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar kanunlary ugrundaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasynyň işine seredilipdir.

Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri komissiýasynyň 9 aýyň dowamynda alyp baran işlerine seredipdir. Hususan-da, olar ýurduň BMG bilen partnýorlygyna ýokary baha beripdir. Şeýle-de, maslahatda 2020-2022 ýyllaryň aralygynda Türkmenistanda adam gaçakçylygyna garşy göreşmek boýunça milli plana, 2020-2025-nji ýyllaryň aralygynda çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasyna we jyns diskriminasiýasynyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça halkara konwensiýasynyň berjaý edilişi barada milli hasabatyň taslamasyna seredipdir.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda adam hukuklary boýunça bar bolan agyr problemalary gozgamaýarlar. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine borçly döwlet edaralarynyň esasy ünsi milli programmalary işläp düzmek we Türkmenistanyň milli kanunlaryny halkara kadalaryna gabat getirmek ýaly işler bilen çäklenilýär. Türkmen resmileri, hususan-da Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça milli planyň işlenip düzülmeginiň döwlet syýasatynda raýatlaryň bähbitleriniň goralmagynyň ileri tutulýandygynyň subutnamasy hökmünde öňe sürýärler.

​Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar kanunlary ugrundaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasynyň işine iýul aýynda hem seredilipdi. Şonda gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň 2019-2021-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça iş planyna seredendigini türkmen mediasy habar beripdi.

Şol maslahat Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 2019-njy ýylyň adam gaçakçylygy hasabatyny çap etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Hasabatda Türkmenistanda 2018-nji ýylda adam gaçakçylygynyň azyndan 8 pidasynyň hasaba alnandygy aýdyldy.

Türkmenistan onlarça ýylyň dowamynda dünýäde adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Abraýly halkara guramalarynyň we Günbatar döwletleriniň hasabatlarynda Türkmenistanda raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni we dini azatlyklarynyň gödek depelenýändigine üns berilýär.

Britaniýanyň daşary işler ministrliginiň ýaňy-ýakynda çap eden hasabatynda Türkmenistan ilatyň raýat azatlyklarynyň berjaý edilişi ýaramazlaşan ýurtlaryň sanawynda agzaldy.

Üstesine, halkara derejede ýazgarylmagyna garamazdan, Türkmenistan döwlet derejesinde mejbury zähmeti ulanmak tejribesini dowam etdirýär. Şu günler tutuş ýurt boýunça býujet işgärleri pagta meýdanlaryna ugradylýarlar ýa-da pagta ýygym üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG