Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 528 tussagyň günäsini geçip, salgytlaryň doly möçberinde ýygnalmagyny tabşyrdy


Türkmenbaşydaky köne türmäniň koridory. Arhiwden alnan surat
Türkmenbaşydaky köne türmäniň koridory. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, 528 tussagyň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi.

Günäsi geçilenleriň arasynda halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy bendi ýa-da wyždan ýesiri diýlip hasaplanan tussaglaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl, olaryň atlary, 1990-njy ýyllaryň başynda bolşy ýaly, metbugatda çap edilmeýär.

Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy” diýip, kararda aýdylýar.

Bu şu ýyldaky dördünji günä geçiş çäresi bolup durýar. Mart aýynda Türkmenistanda 2028 adam, maý aýynda– 764, sentýabr aýynda bolsa 868 adam türmeden boşadyldy.

Adatça bolşy ýaly, bu gezegem welaýat, etrap häkimlerine, beýleki pudak ýolbaşçylaryna günäsi geçilen raýatlaryň işe ýerleşmeklerine kömek etmek tabşyryldy. Emma bu tabşyrygyň köplenç ýerine ýetirilmeýändigi, sebäbi ýurtda işsizlik derejesiniň ýokary bolmagynda galýandygy, barha köp raýatyň daşary ýurtlardan iş gözlemäge mejbur bolýandygy habar berilýär.

Sud jogapkärçiligine çekilmedik işsizlerden tapawutlylykda, sud edilen we soň günäsi geçilip ýa möhleti dolup, sag-aman türmeden boşadylanlaryň zähmet migrasiýasyna gitmegine hem çäklendirme girizilýär, olary köplenç gözegçilik astynda saklaýarlar we dürli kemsitmelere sezewar edýärler diýip, geçen ýyl günäsi geçilen öňki tussag anonimlik şertinde eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý öňki tussaglary ululy-kiçili jenaýatlara itekleýär we olaryň gaýtadan türmä basylmak ähtimallygyny güýçlendirýär.

Häkimiýetler günäsi geçilen ýa möhletini dolduryp türmeden çykan adamlaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçe prosentiniň gaýtadan jenaýata baş goşandygy baradaky maglumatlary çap etmeýärler. Şeýle-de, türkmen tussaglarynyň köplügini nähili görnüşdäki jenaýatlary eden adamlaryň düzýändigi aýdyň däl.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türme tussaglarynyň köplügi bikanun neşe söwdasy, neşe gaçakçylygy bilen meşgullanan adamlardan ybarat bolardy, günäsi geçilýänleriň hem köpüsi şol adamlar bolardy, emma soňky ýyllarda neşe bilen tutulanlaryň günäsi geçilmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran polisiýa işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Resmi maglumata görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanda 4188 adamyň günäsi geçildi. Bu Saparmyrat Nyýazowyň ýurt dolandyran ýyllarynda, adatça her ýyl Gadyr gijesine gabat yglan edilýän günä geçişlerde türmeden boşadylan adamlaryň möçberinden esli az bolup durýar.

Türkmenistanda 2007-nji ýylda häkimiýet çalyşmazyndan öň ýylda bir bir gezek 8-10 müň tussagyň günäsi geçilýärdi. Emma soň günä geçişleri ýurduň uly baýramçylyklaryna gabatlap ýygy-ýygydan yglan etmek düzgüni girizildi.


Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bu täzelik beýle köp adama niýetlenmedik türme jaýlarynyň tussag ýüküni ýygy-ýygydan ýeňletmek, türme şertlerini mundan aňryk agyrlaşdyrmazlyk üçin girizildi.

Nobatdaky günä geçiş ýurduň ozalky içeri işler ministriniň, bu wezipede 2009-ny ýyldan bäri işlän Isgender Mulikowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işlän Meýlis Nobatowyň uly möçberlerde para alyp gelendiklerini boýun alyp, wideokameranyň öňünde toba etmekleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Şonuň bilen bir wagtda, sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtdugy aýdylýan Türkmenistanda adat bolşy ýaly, Mulikowyň we Nobatowyň sud seljerişlikleri hem ýapyk gapylaryň arkasynda geçirildi, Azatlyk radiosyna we beýleki habar serişdelerine olaryň aklawçylary, garyndaşlary bilen gürleşmek mümkinçiligi ýetdirmedi.


Halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini ýapyk gapylaryň arkasynda sud edilen we mejbury ýitirim edilen hasaplanylýan onlarça tussagyň işine täzeden, açyk görnüşde seretmäge, olaryň öz garyndaşlary bilen görüşmegine rugsat bermäge çagyrýar.

Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanda tussaglaryň sanynyň aýdylmazlygy olaryň möçberiniň köplügi, jenaýatyň derejesiniň azalmaýandygy bilen bagly.

Işsizlik, giň ýaýran korrupsiýa adamlary barha köp jenaýata itekleýär, kanun goraýjylaryň bu ýagdaýdan öz bähbitleri üçin galp peýdalanmaga çalyşmaklary, sud edilýänleriň köpüsiniň kanun esasynda ýeterlik goranyp bilmezlikleri bolsa ýagdaýy has agyrlaşdyrýar” diýip, N.Hanamow radio bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

2018-nji ýylda günä geçiş çäreleriniň dördüsi geçirildi.

"Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, olaryň üçüsinde (Gadyr gijesi mynasybetli, Garaşsyzlyk gününde we Bitaraplyk gününde) umumylykda alnanda 3102 adam azatlyga çykaryldy. Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dördünji günä geçişde näçe tussagyň boşadylandygy aýdylmady.

2017-nji ýylda 3362 adamyň günäsi geçildi.


Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Emma muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň mejlislerinde krizis sözi agzalmaýar, döwlet eýeçiligindäki media “ykdysadyýetiň bedew bady bilen ösýändigini” tekrarlaýar.

Mysal üçin, “Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterime deň boldy” diýip, 6-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahaty barada çap edilen maglumatda aýdylýar.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedow mejlisde “walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny” belledi.

Şeýle-de ol maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa “ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň hem doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy”.

Ýerli synçylar hökümetiň soňky ýyllarda ozal kän üns berilmedik salgyt düzgünlerini pugtalandyrmaga çalyşýandygyny, munuň işleýän raýatlardan we satylýan çig mallardan gelýän girdejiniň düýpli azalmagy bilen baglydyygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG