Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Teke bazarynda towuk budy arakesme bilen satuwa çykarylýar


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan towuk budy. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň dükanlarynda towuk budunyň gytçylygy saklanyp galýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy şu günler paýtagtyň Teke bazaryndaky döwlet dükanynda daşary ýurtlarda öndürilen towuk budunyň çäkli möçberde satuwa goýberilýändigini aýdýar.

“Towuk budunyň haçan satyljagy belli däl. Günüň dowamynda üç guty towuk buduny satuwa çykarýarlar. Ýöne dükan satyjylary her biri 15 kilogramlyk üç guty towuk buduny yzygiderli satmaýarlar. Mysal üçin, birinji guty irden sagat 10 töwereginde satuwa çykarylýar. Aradan dört-bäş sagat geçenden soňra ikinji, ýene şonça wagt arakesmeden soňra-da üçünji guty satuwa çykarylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji fewralda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, alyjylar döwlet dükanlarynda satylýan towuk buduny arzan bahadan satyn almak üçin sagatlap nobata garaşýarlar. Her adama diňe 2 sany towuk budy satylýar.

“Towuk budy satylyp başlanandan soňra, aradan 15-20 minut geçmänkä, onuň satylyp gutarandygy aýdylýar. Satyjylar towuk budunyň ikinji gutusynyň haçan geljegini bilmeýändiklerini aýdýarlar. 1 kilogramy 10 manatdan bahalanýan towuk buduny nobata duran adamlaryň 10-dan gowragy satyn alyp bilýär. Iki sany towuk budy, agramyna görä, ortaça 16-17 manada deň bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçy Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we manadyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglylykda, ilat arasynda döwlet dükanlaryndan towuk buduny satyn almaga islegiň uludygyny aýdýar.

Munuň sebäpleri towuk budunyň hususy söwda nokatlarynda, döwlet dükanlary bilen deňeşdireniňde, tas iki esse gymmat bahadan satylmagy bilen baglanyşykly. Hususy dükanlarda towuk budunyň 1 kilogramynyň bahasy 18 manatdan bahalanýar.

Ýöne habarçy şu ýylyň başyndan bäri döwlet dükanlarynda towuk budunyň juda seýrek duş gelinýän haryda öwrülendigini aýdyp, onuň satuwda tapdyrmaýandygyny belleýär.

Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň welaýatlaryndaky hem-de paýtagt Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär.

Hususy söwda nokatlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary döwlet nyrhlary bilen deňeşdireniňde gymmatlygynda galýan mahaly, ýurduň döwlet dükanlarynyň öňünde ýygy-ýygydan uly nobatlar döreýär.

24-nji dekabrda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrundaky döwlet dükanynda adam başyna çäkli möçberde towuk budy satyldy. Şonda 50-den gowrak adamyň towuk buduny satyn almak üçin ençeme sagat nobata garaşandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we yzygiderli ýokarlanýan nyrhlaryň maşgala sebedine agram salýandygyny aýdýarlar.

“Adamlaryň aglabasynyň maşgala girdejisi hususy söwda nokatlaryndaky azyk harytlaryndan satyn almaga köplenç ýetmeýär. Şol sebäpli olar döwlet dükanlaryndaky önümlere ýykgyn edýärler” diýip, Azatlygyň aşgabatly habarçysy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýarlar. Onuň ilata ýetirýän täsirleri barada-de mesele gozgalmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG