Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi


Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ýygnagyna gatnaşýan aktiwistler. Wena

8-nji oktýabrda Wenada Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" we "Türkmen.news" web sahypalarynda berlen maglumata görä, ýygnaga gatnaşanlar Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy, ýagny ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagy, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýy, epidemiologiki ýagdaý (hökümetiň COVID-19-yň ýurtda bardygyny inkär etmegi), korrupsiýa, halkara guramalary, maliýe guramalary we hökümetler bilen özara işleşmegi we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

"Duşuşyk 'türkmen giňişliginde' işleýän adamlaryň birek-biregi tanamagy, biri-biri bilen tanyşmagy, ýüzbe-ýüz duşuşmagy, Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagy üçin geçirildi, sebäbi lukmançylyk we epidemiologiki nukdaý nazardan häzirki ýagdaý gaty kyn. Koronawirusyň möwç alýandygyny bilýäris, kyn sosial-ykdysady ýagdaýdan we häzirki wagtda Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we beýleki ýurtlarda köp sanly işçi migrantlaryň problemasyndan hem habarly" -diýip, garaşsyz Turkmen.news onlaýn neşiriniň dolandyryjysy Ruslan Mätiýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Duşuşyga gatnaşanlar: Täjigül Begmedowa, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy; Wýaçeslaw Mämedow, Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi; Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler assosiasiýasy; Ruslan Mätiýew, “Turkmen.News” neşiri; Çemen Öre, “Turkmenia Unite” topary; Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy"; Ruslan Tuhbatullin, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri; Annadurdy Hajyýew, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy; Nurmuhammet Hanamow, Türkmenistanyň Respublika partiýasy.

Duşuşyga "Ýewraziýanyň azatlygy" adam hukuklary guramasynyň wekili Leýla Nazgül Seýitbek we beýleki aktiwistler hem gatnaşypdyr.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" habaryna görä, duşuşygyň netijesinde Türkmenistandaky sosial-ykdysady ýagdaýa bilelikde syn etmek, adam hukuklarynyň bozulmagyny yzarlamak we dowam edýän wakalara sazlaşykly jogap bermek kararyna gelnipdir.

Şeýle-de, maglumatda gatnaşyjylaryň reaksiýa görkezmek guralynyň biri hökmünde köpçülige habar bermek we açyk hatlar, ýüzlenmeler, beýannamalar we maslahat ediş ýygnaklar arkaly halkara guramalary bilen işleşmekdir diýip, hasap edýändigi aýdylýar.

Raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ýygnagyna gatnaşanlaryň käbiri Wenadaky Türkmenistanyň ilçihanasyna hem barypdyr.

Ruslan Mätiýewiň sözlerine görä, aktiwistlere ilçihana girmäge rugsat berilmändir.

“Biz kiçi topar bolup bardyk. Bu hem öňünden planlaşdyrylmandy, käbir aktiwistler bilen gidip, Türkmenistanda syýasy tussaglaryň sanynyň köpelmegine öz garaýşymyzy bildirmegi makul bildik. Nurgeldi Halykow, Hursanaý Ismatullaýewa we türmede agyr ýagdaýda galýan Mansur Mingelow we öz pikirlerini beýan edendikleri üçin uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen beýleki aktiwistler. Olar hiç hili jenaýat etmediler, ýöne hukuklaryny talap edendikleri üçin jezalandyryldy. Bize ilçihanada gapyny açmadylar, ýogsa-da bir diplomatiki nomerli awtoulaglaryň durandygyny gördük. Olara jaň etdik, soň kagyz ýüzünde "syýasy tussaglara erkinlik" diýip ýazdyk-da, ilçihananyň poçta gutusyna goýup gatdyk. Aldylar diýip umyt edýärin "- diýip, Ruslan Mätiýew aýtdy.

Türkmenistandaky buluçlaryň hukuklaryny goraýjy Mansur Mingelow syýasy matlaply birnäçe aýyplamalar esasynda 2012-nji ýylda 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aktiwist özüne ýöňkelýän aýyplamalary boýun almady. Mingelow berk režimli koloniýada saklanýar.

Nurgeldi Halykow BSG-niň missiýasynyň agzalarynyň Aşgabatdaky suratlaryny habar serişdelerine iberenden soň, galp aýyplamalar sebäpli 2020-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Lukman Hursanaý Ismatullaýewa 2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda tussag edildi. Bu onuň bikanun işden çykarylmagy baradaky ýagdaýynyň Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň "Merkezi Aziýada basyş amallary: adam hukuklaryny goraýjylaryň sesleri" atly guran konferensiýasynda agzalmagynyň yzýany ýüze çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG