Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Türkiýede galan türkmenler üçin iki çarter uçarynyň gurnalmagyna garaşylýar, lukmanlar aladalanýar


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus pandemiýasy sebäpli beýleki döwletlerde galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin noýabr aýynda iki uçar reýsini gurnamagy planlaşdyrýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän türkmen hökümetine ýakyn çeşmesi munuň iýul aýyndan bäri guraljak ilkinji çarter gatnawy boljakdygyny aýdýar. Bu habarlaryň arasynda, medisina işgärleriniň ençemesi daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar getirilip, çäklendirmeler gowşadylsa, ýurtda wirus hadysalarynyň we ondan ölýänleriň has-da köpelmeginden howatyrlanýar.

"Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Stambuldan we Ankaradan iki uçar reýsiniň guraljakdygy mälim boldy. Bu uçarlaryň biriniň Lebap welaýatynyň Türkmenabat, beýlekisiniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherlerine gonmagyna garaşylýar" diýip, çeşmämiz 26-njy oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Stambuldan gurnalýan uçar gatnawyny 4-nji noýabrda amala aşyrmak planlaşdyrylýar. "Ýöne biziň hökümetimizi bilýärsiňiz, bu senäniň aýyň ahyryna çenli ýene üýtgedilmegi mümkin" diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada "Türkmenistan" awiakompaniýasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Awiakompaniýanyň halkara bölüminde özüni Didar diýip tanyşdyran resmi özünde "bu soraga jogap bermäge ygtyýaryň ýokdugyny" aýtdy we gatnawlary gurnaýan bölümiň başlygyna jaň etmegi maslahat berdi. Redaksiýamyzyň 26-njy oktýabrda ýerli wagt bilen sagat 13:00-16:00 aralygynda eden yzygiderli synanyşyklaryna garamazdan, bu bölümde hiç kim telefona jogap bermedi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlara adaty howa gatnawy 2020-nji ýylyň 17-nji martynda bes edildi. Ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli ýurduň daşynda galan raýatlaryny Türkmenistana getirmek meýilnamalaryny ilkinji gezek geçen ýylyň awgust aýynda yglan etdiler. Şondan bäri hökümet Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Tatarystandan we beýleki ýurtlardan türkmen raýatlaryny getirmek üçin onlarça ýörite uçar gatnawyny gurnady.

Şeýle gatnawlar barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek şu ýylyň iýulynda habar berdiler. Şonda, has takygy 15-nji iýulda habarçylarymyz Kazandaky türkmenistanlylary alyp gelen uçaryň Türkmenabada gonandygyny aýdypdylar.

Şeýle-de, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Türkmenistana aşmak we ýurtdan çykmak isleýänleriň nobatlarynyň saklanýandygyny sentýabryň ortalarynda habar berdiler.

Çeşmelerimize görä, diňe Moskwada azyndan 2500 adam Russiýadan Türkmenistana guralýan uçuşlara garaşýar. Türkmenistanlylaryň ýene ençemesi Russiýanyň beýleki şäherlerinde, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan ýaly türkmen konsullyklary bar bolan ýerlerde-de garaşýar.

Bu aralykda, lebaply we aşgabatly medisina işgärleriniň ençemesi täze guraljak çarter reýslerinde daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar getirilse we noýabrdan başlap karantin çäklendirmeleri gowşadylsa, ýurtda wirus hadysalarynyň we ondan ölýänleriň has-da köpelmeginden howatyrlanýar.

"Daşary ýurtlardan geljek türkmenistanlylaryň arasynda koronawirusyň täze, has howply görnüşiniň tapylmagyndan alada edilýär. Şeýle-de, wirus çäklendirmeleri gowşadylsa, onda ölüm sany geçen sentýabr we oktýabr aýlaryndakydan hem köp bolar. Sebäbi biziň medisinamyz heniz wirusyň häzirki - soňky - tapgyryny hem doly ýeňip bilenok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly lukman 26-njy oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

"Häzir tas iki oýden biri ýasda otyr. Tomus aýyndan bäri, häzir oktýabr aýyna ýetip, ölüm derejäni heniz doly togtadyp bolanok. Ýurtda kowid näsaglarynyň 20 sanysyndan birine emeli howa berýän enjam bar ýa-da ýok" diýip, lukman sözüne goşdy.

Türkmenistanda tomsuň ortalarynda köpelip başlan koronawirus hadysalary soňky aýlarda ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjedi. Ýurduň dürli künjeginde günde ölýänleriň sany ýüzlerçe adama ýetdi we ölenlere tabyt ýetişmedi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan medisina işgärleri munuň koronawirusyň ýurtdaky iň güýçli tolkunydygyny aýtdylar. Türkmen hökümeti dymyşlygyny dowam etdirip, heniz hem ýurduň çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

Bu habarlaryň arasynda, Aşgabat şäherindäki lukmanlar we Lebap welaýatyndaky çeşmelerimiz ýurtda koronawirusyň nobatdaky tolkunyna aladaly garaşylýandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG