Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň häkimýetleri bag ekişine taýýarlanyp, ýowar geçirýär  


Ýowar, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty) 
Ýowar, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistanda 18 martda nahal ekmek boýunça çäre geçirler. Resmi habarlara görä, şu ýyl tutuş ýurtda 3 million agajyň ekilmegi planlaşdyrylýar. Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, agaç oturtmak çäresi köpçüligiň toplanmagynda ýowar görnüşinde geçirilýär. Şu günler Türkmenabadyň häkimiýetleri ekiljek bag üçin ýerleri taýýarlamak bilen başagaý bolup, ýowar guraýarlar.

Soňky günlerde Türkmenabadyň birnäçe böleginde meýdanlary tertiplemek, zeý suwlaryny çekip almak boýunça gyssagly işler alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bu başagaýlygyň ýakyn günlerde geçiriljek bag ekiş ýowaryna taýýarlyklar bilen baglydygyny aýdýarlar.

"Türkmenabadyň täze gurlan awtomenziliniň öňindäki uly meýdanda şäheriň arassalaýyş gullugynyň zeý suwlaryny tartyp alýan bölüminiň işgärlerine uly iş boldy. Olar bag ekiljek meýdany arassalaýarlar. Bu uly meýdan köne aeroportuň uçuş-gonuş ýolunyň gapdaly bolup dur. Bu meýdany soňky 5 ýylda çaýyr we ýylgyn basyp ýatyr. Indi ony arassalamak üçin 500 golaý işgär häzir güýçli depginde işleýär" diýip, habarçymyz 16-njy martda gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, bu agzalan meýdanda 18-nji marta irden Lebap welaýatynyň häkiminiň we ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda bag ekmek çäresiniň geçirilmegi we wideo ýazga alnyp, Türkmen telewideniýesinde görkezilmegi planlaşdyrylýar.

18-nji martda ählihalk bag ekişligi geçirmek hakynda prezidentiň 10-njy martda gol çeken kararynda munuň "ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek" üçin geçirilýändigi we "tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek" işleriniň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Emma habarçylar bu dabaralaryň diňe göz üçin, hasabat berip, telewideniýede görkezmek üçin geçirilýändigini aýdýarlar we ozalky ýyllarda ekilen agaçlaryň idegsiz galandygyny, köpüsiniň gurandygyny ýa-da gurluşyk sebäpli häkimiýetler tarapyndan goparylyp ýok edilendigini belleýärler.

"Bu ekişden soň baglara hiç hili ideg edilmeýär. Wideo ýazga düşürlensoň bu baglar tiz ýatdan çykýar, suw tutulmaýar, şol sebäpden bag gurap galýar ýa-da iru-giç bu uly meýdanda döwlete degişli bir edara binasynyň gurluşygy başlansa, onda bu baglar ekskawator bilen sürülýär we tekizlenýär. Baglar diňe TW-de görkezmek üçin ekilýär we soň olara hiç kim seretmeýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de bolsa, agaç ekişlik barha garyplaşýan ilata uly maddy agram salýar. Türkmenabatly habarçylaryň maglumatlaryna görä, häzir ekiljek baglara niýetlenen nahallary satyn almak üçin ýerli býujet edaralarynda her işgärden 40 manat toplanýar. Bu pula satyn alynjak agaçlaryň, hususan-da, edaralaryň öňünde ekiljegi aýdylypdyr. Esasan arça agaçlaryny satyn almak tabşyrylýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary birnäçe million agaç ekmek barada her ýylda karar çykarýar. 3 million agaç ekmek plany geçen ýylda-da yglan edilipdi. Emma bu işiň netijeleri barada anyk habar berilmändi.

2020-nji ýylda 25 million agajyň oturdyljagy we munuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanjagy aýdylypdy. 2021-nji ýylda türkmen resmileri döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy sebäpli 30 million agaç ekmek planyny yglan edipdi.

Onlarça ýyl bäri dowam etdirilýän bu tejribäniň netijelerini kesgitläp bolmaýar. Hakykatda ekilen, kök uran, häzire çenli saklanyp galan, ýa-da gurap galan agaçlaryň sanyna degişli hiç hili resmi statistika çap edilmeýär.

Döwlet tarapyndan guramalaşdyrylýan köpçülikleýin çärelere adatça ýurt ýolbaşçylary gatnaşýar, resmiler, ýaşulular, býujet işgärleri we okuwçylar mejbury çekilýärler. Tutuş ýurt boýunça geçirilýän çäreler telewideniýede wasp edilýär.

Aşa yssy howaly, çöllük ýurtda agaç ekişligiň maddy çykdajylary we olaryň çeşmeleri barada anyk maglumat berilmeýär. Ençeme ýyl bäri nahal satyn almak üçin býujet işgärleriniň aýlyklaryndan yzygiderli pul tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG