Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmen hökümetiniň ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini tekrarlamagynyň fonunda, azyk önümleriniň döwlet dükanlarynda gytalmagy we hususyýetçilerde gymmatlamagy dowam edýär.
Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sany 40-a ýetdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi habar berýär. Bu aralykda, türk media serişdeleri bu iş bilen bagly bäş adamyň "bilkastlaýyn öldürmek ähtimallygy" aýyplamasy esasynda tussag edilendigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşogzuň merkezi şäherine sapar etmegine garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesi, şeýle-de garyndaşlary Daşoguzda ýaşaýan daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary habar berýärler.
Wirus näçe wagt ýaşap bilýär we ol nämeleriň üstünde saklanýar? Onuň ýaýramagyna howanyň täsiri bolýardy, ony ýaýratmazlygyň peýdaly usullary nämede?
ABŞ-yň Wirjini Uniwersitetiniň çagalaryň infeksiýa keselleri bölüminiň baş lukmany Stiwen Staýhner koronawirus infeksiýasynyň pandemiýa öwrülip, bütin dünýäni ysmaz eden wagtynda, onuň çagalara täsiri barada "Amerikanyň sesi" radiosyna interwýu berdi.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda wagtlaýyn ýerleşýän rus we beýleki döwletleriň raýatlarynyň Moskwa gitmegini guramalaşdyrmak üçin iş alyp barýar. Bu barada türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Orient.tm" neşiri Russiýanyň diplomatik missiýasyna salgylanyp habar berdi.
Birleşen Ştatlaryň CBS hususy telewizion kanalynda efire berilýän “Ýörite maksatly topar” (SEAL Team) serialynyň 11-nji martda goýberilen seriasynda Golliwud režissýorlary ýene-de Türkmenistana üns çekdi.
Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus sebäpli girizen çäklendirmeleriniň fonunda, mundan üç hepde çemesi ozal 10-dan gowrak etniki türkmen Stambuldan Türkmenistana uçjak wagty uçardan düşürildi.
Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagta degişli obalardaky we ýaşaýyş jaý toplumlaryndaky hojalyk jaýlaryň haýatlaryny ýykýarlar.
Şu günler häkimiýetler önüm öndürijilerden Türkmenistanyň “Bitaraplyk” şygarynyň nyşanlaryny harytlara ýelmemegi talap edýär.
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň ýolbaşçylary gulluk ýaşyna ýeten ýaşlary goşuna almak üçin, täze usuly oýlap tapdylar. Meýletin gulluga gidýän ýaşlara sürüjilik kursuna mugt gatnaşdyrmaga hem olaryň sürüjilik şahadatnamasyny edinjekdiklerine wada berýärler.
Serhetabadyň harby bölümlerinde sähel dümew alamatlary bilen näsaglan harby gullukçylar, şol sanda çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri karantin astynda saklanýar.
Birnäçe ýönekeý ätiýaçlyk çärelerini berjaý edip, COVID-19 bilen kesellemek ýa-da ony başgalara geçirmek howpuny azaldyp bilersiňiz:
Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň çäginde häkimiýetler raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirýän täze düzgüni ýerine ýerine ýetirýär
Dünýäniň dürli ýurtlarynda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen üýşmeleňler we çäreler ýatyrylýan mahaly, Türkmenistan Nowruz baýramyny köpçülikleýin bag ekmek we aýdym-sazly dabaralar bilen belledi.
Täze koronawirusyň dünýä ýaýramagy bilen bagly Hytaýdaky okuwlaryny taşlap, Türkmenistana dolanyp gelen türkmen studentleri ýurtda Internetiň hiliniň pesliginden şikaýat edýärler.
Dünýäde koronawirus howpy giňden ýaýraýan mahaly, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä Owganystandan daşgary ähli goňşy döwletler bilen guryýer serhetlerini ýapyk saklaýan Türkmenistan “taryhda iň agyr” azyk gytçylygyny başdan geçirýär.
Ýene-de ýükle