Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gepleşigimiziň bu sanynda koronawirus keseline garşy Türkmenistanda görülýän çäreler barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşligi hem-de Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirusdan goranmak babatynda berýän maslahatlaryny diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.
Aşgabatda adamlar azyk önümlerini köpçülikleýin ýagdaýda satyn alýarlar. Harytlaryň bahalary gün-saýyn gymmatlap, rekord derejä ýetýär. Mundan bir gün öň, türkmen häkimiýetleri öňünden hiç hili duýduryş bermezden Aşgabat bilen ýurduň beýleki sebitleriniň arasyndaky gatnawlary togtatdylar.
Gazagystanyň hem Özbegistanyň medisina işgärleri global flashmob medişgärlerine birleşdiler. Olar adamlary koronawirus döwründe öýde galmaklyga hem başgalara ony ýokuşdyrmazlyga çagyrýarlar.
Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmen migrantlarynyň sany 20-ä ýetdi we başga-da 30-dan gowragy keselhanada saglyk bejergisini alýar. Olaryň aglabasynyň saglyk ýagdaýy agyr diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmesi we Türkiýäniň habar serişdeleri habar berýärler.
Türkmenistanyň hökümeti paýtagt Aşgabadyň daşyny baglap, raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirdi.
Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäheriniň magaryf bölümi umumy bilim berýän mekdeplerde ýörite barlag geçirdi. Netijede, birnäçe okuwçynyň fewral aýynda sapaga gatnaşmandygy üçin, olaryň synp ýolbaşçylarynyň aýlygyndan tutup galýarlar.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde ösümlik ýagy, towuk budy we şeker ýaly azyk harytlaryny satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Öňkülerden tapawutlylykda, häzirki wagt paýtagtyň ýaşaýjylary bir wagtda birnäçe dükanda nobat belläp başladylar.
Koronawirus: Türkmen we özbek prezidentleri telefonda COVID-19 meselesine “degip geçdi”, Aşgabatdaky käbir daşary ýurt kompaniýalary menzilara iş tertibine geçdi we beýleki maglumatlar
Stambulda wirusdan goranmak üçin ýasama arak içenden soň ölendigi aýdylýan adamlaryň sany 15-den aşdy. Keselhanada saglyk bejergisini alýan başga-da 60 adamyň saglyk ýagdaýy agyr diýip, "Hürriýet" neşiri habar berýär.
Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) koronawirus pandemiýasy baradaky ähli maglumatlary jemleýär.
18-nji martda Daşkent şäher jenaýat kazyýetinde Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa we onuň guramaçylygyndaky jenaýat toparynyň agzalaryna garşy ýanwar aýynda başlanan jenaýat işi tamamlandy.
Şu günler paýtagtyň döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde ösümlik ýagy, kartoşka we şeker ýaly iýmit önümlerini satyn almak üçin alyjylaryň uly nobatlary döreýär.
Maskalar we koronawirus barada 5 zady bilmeli
Koronawirus, düzgün boýunça, näsag adamdan sagat adama örän ownuk tüýkülik syçramagy ýa-da adam asgyranda, üsgürende hem gepleşende syçraýan nemden geçýär. Wirus örän ýokary patogenli, ýany keselliden sagat adama çalt ýokaşagan.
Bu duýduryş 17-nji martda günortan Saglyk ministrligi täze koronawirusdan soňky bir günüň dowamynda ýene 135 adamyň ölendigini habar bereninden soň ýaýradyldy, ölenleriň jemi sany soňky bir günde 13 prosent ýokarlanyp 988 adama ýetdi.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmeleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda we Balkanabat şäherinde koronawirus bilen näsaglan adamlaryň ýüze çykyp başlandygyny habar berýärler.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ilaty bankomatlaryň azlygyndan, olaryň hatardan çykmagyndan we nagt ýetmezçiliginden kösenýän mahaly, häkimiýetler şäherdäki bankomatlaryň sanyny azaldýarlar.
16-njy martda başlap Aşgabat şäheriniň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçiligi güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşhgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
2017-2018-nji ýyllar aralygynda Şinjiangyň «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde»bolanlar tussaglykdan azat edilenlerinden soň, mejbury zähmete çekilendiklerini aýdýarlar. Olar egin-eşik tikipdirler hem taýýar geýimleri ütükläpdirler.
Ýene-de ýükle