Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna heniz resmi derejede girişilmese-de, Lebap welaýatynda bu işler eýýäm başlandy.
Aşgabadyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar, Türkiýede türkmen Visa kartlary ‘işlemeýär’, Gazagystandaky türkmen talyplary Western Union arkaly ýurtdan pul alyp bilmeýär.
Italiýa COVID-19 atlandyrylýan täze respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ozal diňe ýurduň demirgazygyna degişli bolan syýahat çäklendirmesini indi tutuş ýurda girizdi.
Hytaýyň Şinjiang welaýatyndaky «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lаgеrinde» bolup gelen etniki uýgur Tursynaý Ziýaudun öz howlusynda goşmaça zerurlyklar üçin gurlan desga ot berlendigini aýdýar. Ol adamsy bilen Almaty oblastynyň Şelek obasynda täzeden durmuşa başlapdy.
Daşoguz welaýatynyň birnäçe etrabynda, şol sanda Görogly etrabynda, häkimiýetler baryp fewral aýynda kärendeçi daýhanlardan kartoşka ekişine girişmegi talap etdi, ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, ekiş üçin heniz şertleriň oňaýsyzdygyny habar berýär.
Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde mugallymlar okuwçylary sapak döwründe golaý-goltumdaky döwlet dükanlaryna iberip, olary ýurtda gyt haryda öwrülen azyk harytlaryny satyn almaga mejbur edýärler.
Özbegistanyň Ürgenç döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýynda özüni heläkledi. Talybyň birnäçe kursdaşy bu pajygaly waka bilen bagly Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
“Index on Censorship” guramasy 2020-nji ýyl üçin Söz-beýan azatlygy baýraklaryna dalaş edýän kampaniýalaryň gysga sanawyny çap etdi.
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagasyny satan gyrgyzystanly aýal Russiýada suda çekilip, 4,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şuňa meňzeş jenaýat işinde şübhe bildirilýän ýene üç gyrgyzystanly aýalyň garşysyna jenaýat işi açyldy, olaryň sudy entek dowam edýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar.
Epidemiýanyň fonunda Hytaýyň baş gaz alyjysy – PetroChina ýurda import edýän tebigy gazynyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň möçberini azaldýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters habar agentligi senagat pudagyndaky dört çeşmesine salgylanyp habar berýär.
Siriýanyň hukuk gözegçiligi guramasy we aktiwistler Türkiýäniň hem-de Russiýanyň liderleriniň baglaşan ýaraşyk ylalaşygy ýary gije güýje girenden soň, Idlib welaýatynda “birneme asudalyk” barada habar berýärler, ýöne olar ylalaşyk güýje girýänçä zorlugyň dowam edendigini aýdýarlar.
Aşgabadyň bazarlarynda häkimiýetleriň azyk harytlarynyň bahalaryna gözegçiligi güýçlendirip, olaryň käbiriniň nyrhlaryny emeli usulda arzan saklamak synanyşyklary dowam edýär.
Täjigistanyň Gissar şäherindäki göz sebäpli maýyp bolanlaryň Okuw-önümçilik kombinatynyň (OÖK) din işleri hem-de milli däpleri düzgünleşdirmek meseleleri boýunça işgäri ýerli radio gepleşiklerde dini ündewleriň gadagan edilmegine öz närazylygyny bildirýär.
Türkmenistanyň territoriýasyna goýberilmeýändigi sebäpli, türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýüzlerçe türk ýük ulag sürüjisini yzyna getirmek boýunça tagalla edilýär diýip, Türkiýäniň metbugat serişdeleri habar berýärler.
Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapandan soň, ýurduň bazarlarynda bu döwletden import edilýän azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy we gytalmagy dowam edýär.
“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Moskwadan Aşgabada gelýän uçary Türkmenabada gondy.
Bütindünýä banky käbir ýurtlara berilýän grantlaryň hem kreditleriň şahsy hasaplara geçirilişi baradaky derňewleri çap etdi. Barlaglaryň geçirilen sanawynda Gyrgyzystan hem bar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurt raýatlarynyň zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri saklanyp galýar.
Ýene-de ýükle