Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Orsýetiň öňki içaly Sergeý Skripaly Britaniýada zäherlän bolmagynyň ähtimaldygy barada Birleşen Ştatlar “gaty gaharda”, Moskwa, elbetde, bu barada bileleşikli jogap bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip, duýduryş berdi.
13-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanar. Sapar tamamlansoň, türkmen lideri Birleşen Arap Emirliklerine barar, diýip Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Türkmen türmelerinde ýitenleriň hatarynda agzalýanlardan ýene-de biri betnam Owadandepe türmesinde aradan çykdy. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri öz çeşmelerine sagylanyp habar berýär.
12-nji martda Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi Salisberi şäherinde Orsýetiň öňki içalysy we onuň gyzyna nerwleri ysmaz edýan gaz bilen edilen hüjüm hakda maslahat geçirer.
Russiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi täsirli rus syýasatçysy Leonid Slutskini jynsy süýkenmelerde aýyplady.
Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, paýtagtda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş” işleriniň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin eger-de rus raýatlary ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşmak islän hem bolsalar, ol muňa “asla parh bermeýändigini” aýdyp, Kremliň bu işlere baş goşmandygyny belledi.
“Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýiten Konstantin Şyhmyradowy Garabogazda gördüm diýýär” ady bilen Azatlykda çap edilen maglumat boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara hukuk goraýjy kampaniýasy 2-nji martda beýanat ýaýratdy.
Gündogar Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri öýlere aýlanyp oturdylan gaz enjamlarynyň howpsuzlyk ýagdaýyny barlansoň, ýaşaýjylara 1 ýyllyk guratlyk rugsat hatyny berip, munuň deregine her bir gaz enjamy üçin 6 manat pul soraýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 9-njy martda habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamak ylalaşygyny gazanmaga çalyşmak üçin maý aýynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşmaga razy boldy.
Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçüp barýan türkmen migrantlarynyň sany birden artdy diýip, “Wolgogradskaýa prawda” neşiri regionyň degişli resmilerine salgylanyp habar berýär.
Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Loýd Rassel Moýlyň (Lloyd Russell-Moyle) awtorlygynda ýurduň abraýly neşiri The Indepentde 7-ji martda çap edilen makalada Birleşen Karollygyň hökümetiniň beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistana öz raýatlaryny internetde yzarlamaga mümkinçilik berýän internet içalyçylyk programmalarynyň satylmagyna rugsat berendigi nygtalýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji martda “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Jepbarowy “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýurtda köpçülikleýin ýagdaýda iş orunlarynyň kemeldilmeginiň nobatdaky tolkunyna garaşylýandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal bilen onuň gyzyna garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr kesel barada derňew geçirmegi Britaniýanyň anti-terrorizm polisiýasy öz üstüne aldy. Medianyň maglumatyna görä, Skripalyň ogly öten ýyl Orsýete sapar edeninde näbelli sebäplere görä aradan çykypdyr.
Daşary ýurtdaky türkmenistanly VISA kart ulanyjylarynyň pullaryny nagtlaşdyrmakda täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, şeýle-de bu kartlar bilen baglylykda türkmen talyplarynyň her dürli hilegärliklere baş goşup başlandyklary dogrusynda maglumatlar gowuşýar.
Azatlyk radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi soňky wagtlarda regionyň awtoulaglara ýangyç guýulýan nokatlarynda müşderilere goýberilýän ýangyjyň, benziniň bolmalysyndan kem guýulmagynyň has göz-görtele häsiýete geçendigini habar berýär.
Türkmen häkimiýetleriniň “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” ugrunda ýörite maksatnamany kabul edýän pursady, ýaş türkmenistanlylar işsizlik sebäpli kösenýändiklerini, şeýle-de ýerli resmileriň hamana “iş hödürlendi” diýen galp dokumente gol çekdirýändiklerini gürrüň berýärler.
Indi ýarym ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Ýaşaýjylar munuň sebäplerini dollaryň satuwdan aýrylmagy, “gara bazarda” dollaryň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýardylar.
Ýene-de ýükle