Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Indi ýarym ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Ýaşaýjylar munuň sebäplerini dollaryň satuwdan aýrylmagy, “gara bazarda” dollaryň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýardylar.
Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripalyň garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr keseli hakda barlag alyp barýan britan polisiýasy, ýokary derejeli anti-terrorizm resmisiniň bellemegine görä, “döwlete abanýan howplar faktyna hüşgärlik bilen garaýar”.
Türkmenistanyň prezidenti “ýurtda guşçulyk pudagyny mundan beýlägem ösdürmek maksady bilen” diýen kesgitleme esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň “käbir görnüşlerini” gümrük paşlaryndan boşatdy.
Birleşen Ştatlar Moskwany Siriýanyň gündogar Gouta regionynda parahat ilatyň “rehimsizlik bilen” öldürilmegine gatnaşmakda aýyplap, Birleşen Milletler Guramasynyň atyşyklary bes etmek baradaky kararyna garamazdan, ors harby uçarlarynyň gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky sebiti bombalandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Astana şäherinde geçiriljek ilkinji sammitine gatnaşmaz. Bu barada “Sputnik – Täjigistan” neşiri “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.
Daşoguzda maýyplar üçin kömek pullary mundan beýläk bankomatlaryň üsti bilen berler. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň obalarynyň birinde bu baradaky degişli bildirişiň asylandygyny habar berdi.
Aşgabadyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky karara gol çekdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň milli howaýoly gullugy ýakyn wagtda käbir halkara reýsleriniň bahalaryny ýokarlandyrýar diýen gürrüňler bar, diýip Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär. Azatlygyň beýleki bir paýtagtly gürrüňdeşi bu barada heniz resmi görkezmäniň ýa-da bildirişiň ýokdugyny nygtaýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmesiniň fewralyň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynda surata düşürildi diýýän we 26-njy fewralda saýtymyzda çap edilen wideo ýazgyda kepek daşaýan ýük ulagyň töwereginde uly basa-baslygyň döreýändigini görmek bolýar.
Aşgabatda adamlara satylýan gündelik zerur harytlaryň möçberi çäklendirilen, dükanlaryň öňünde 80-100 adamlyk nobatlaryň emele gelýän pursadynda, döwlet mediasy bol harytly dükan tekjelerini görkezip, ýurtda “azyk bolçulygynyň bardygyny” öňe sürýär.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda neşä garaşly näsaglary dertden saplaýan merkezde 2-nji martda irden turan ýangyn azyndan 30 adamyň ölümine sebäp boldy.
Düýn 28-nji fewral güni Türkmenistanyň demirgazyk Daşoguz welaýatynyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda uzyn ulag nobatlary emele geldi diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp çarşenbe güni habar berdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň garşydaşlaryň öňüni alyp bilmejek täze ýadro ýaraglaryny, şol sanda sürüjisiz suwasty gämilerini döredip, olaryň synaglaryny üstünlikli amala aşyrandyklaryny belledi.
Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Sünçe obasynyň golaýynda ýerleşýän “Guş toplumy” kärhanasynyň ýapylýandygy, işçileriň köpçülikleýin işden boşadylýandygy barada maglumat gelip gowuşdy.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Argentinadan Moskwa takmynan 400 kilogram kokain geçirmäge synanyşdy diýýän adamsy özüni ABŞ-nyň ýörite gulluklarynyň we argentin polisiýasynyň duzaga düşürendigini aýdýar diýip, rus mediasy habar berýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we ýurduň beýleki käbir künjeklerinde gara we goýy reňkli awtoulaglara girizilen gadagançylyk öz güýjünde galýar. Ulaglaryny ak reňke boýatmadyk adamlara dürli çäreler görülýär.
Aşgabatda hususy dükanlaryň aýnalarynyň garaldylmaly edilýändigi barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.
Amerikaly milliarder Elon Musk bu gezek internet tehnologiýalary ulgamynda öwrülişik etmek isleýär. Arzan kosmiki raketa öndürmegi başaran “SpaceX” kompaniýasy indi älem giňişligine iki sany synag sputnigini (emeli hemra) ibermegi planlaşdyrýar. Bu sputnikler Ýeriň ýüzüne ýokary tizlikli internet ýaýradar.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda eýýäm birnäçe aýdan bäri hojalyklardaky towuklaryň näbelli bir wirusa ýolugyp, haram ölýändikleri barada maglumatlar gowuşýar.
Ýene-de ýükle