Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ahally ýaşaýjy bu welaýatyň käbir obadyr, etraplarynda agyz suw ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, kähalatda suwuň üç aýlap akmaýandygyny aýdýar.
Türkmenistan Owganystan bilen arasyndaky serhet araçägini berkidip başlady. Bu barada Günbatar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hyrat welaýatyndaky Torgundy serhet araçäginiň resmisi aýdýar.
“Yslam döwleti” toparynyň 16-njy fewralda Pakistanyň günortasyndaky köp gelim-gidimli sopy zyýarathanasyna eden hüjüminde ölenleriň sany 80 adama ýetdi. 17-nji fewralda Pakistanyň syýasy we harby liderleri yslamçy ekstremistleri ýok etmek üçin ähli zady etjekdiklerini aýtdylar.
Türkmenistanda prezidenlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda çilimiň resmi söwdasy ýatyryldy.
Anna güni, 17-nji fewralda Aşgabatdaky «Ryhyýet» köşgünde Türkmenistanyň gaýtadan saýlanan prezidentiniň inagurasiýasy bolup, ýurduň awtoritar lideri sag elini Konstitutsiýada goýup, kasam kabul etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýedi ýyllyk möhlet bilen üçünji gezek Türkmenistanyň prezidenti wezipesine kasam etdi.
Ýanwar aýynda "Altyn globus" baýragynyň 74-nji gezek gowşurylyş dabarasynda, "La La Land" atly kinofilm rekordlary täzeledi. Muzikl žanrynda surata düşürilen kinofilm dalaşgärlige hödürlenen ähli ugurlar boýunça baýraklara mynasyp boldy.
15-nji fewralda Brýusselde Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis NATO bileleşiginiň “Birleşen Ştatlar hem-de transatlantik jemgyýeti üçin esasy binýat bolup durýandygyny” aýtdy.
“Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” atly neşir 2016-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykyp, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yzýany tussag edilen Akmyrat Rejepowa temmäki önümleriniň söwdasy boýunça jenaýat toparyny döretmekde günä bildirilendigini habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň permanyna laýyklykda, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, 828 raýatyň günäsi geçildi diýip, türkmen metbugaty 15-nji fewralda habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlarynda özi üçin ses beren saýlawçylara «aýratyn minnetdarlyk» bildirdi.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 2016-njy ýylyň dekabr aýynda döwlet başyna geçeli bäri ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistana barar, diýip infoshos.ru we “Nezawisimaýa gazeta” neşirleri habar berýärler.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donal Tramp 15-nji fewralda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuwy Ak tamda kabul edýär. Bu Tramp wezipe başyna geleli bäri iki lider arasynda geçýän ilkinji duşuşykdyr.
Ak tam Milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Fliniň Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen bolan gatnaşyklary hakda prezident Donald Trampyň toparyna ýeterlik maglumat bermändigi barada habar ýaýransoň wezipesinden çekilendigini bildirdi.
Western Union kompaniýasy Türkmenistandan daşary ýurtda pul ibermeklige we ýurda iberilen pul serişdelerini almaklyga çäklendirme girizilendigi baradaky maglumaty ýalana çykardy diýip, CA-NEWS neşiri ýazýar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň habar serişdeleri Türkmenistanda «alternatiw» esaslarda geçirilendigi aýdylan prezident saýlawlary barada makala çap etdiler.
Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene ýokarlandy. Mundan bäş gün ozal "gara bazaryň" söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 6 manat 80 teňňeden satyn alyp, 7 manada satan bolsalar, häzir ony 7 manatdan satyn alyp, 7 manat 30 teňňeden satýarlar.
Demirgazyk Koreýa uçuş güýji ortadan uzak aralyklyga çenli bolan ballistik raketany “üstünlikli” synagdan geçirendigini aýdansoň, Birleşen Ştatlar, Günorta Koreýa we Ýaponiýa gyssagly maslahat geçirilmegini sorap, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşine ýüz tutdular.
Türkmenistanda maşgalalaryň ençemesiniň jaý ýetmezçiliginden kösenýandigi barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumat gelip gowuşýar.
Ýene-de ýükle