Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Şu ýyl Türkmenistanda azyk harytlaryň gytçylygy we aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilmegi bilen birlikde, jemi bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desga işe girizilipdir.
Birleşen Ştatlar Siriýadaky jeňçileri daşap bolýan raketa atyjylar bilen üpjün etmek planlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Şu aýyň başynda musulman gyz Ýasmin Seweidiň Nýu Ýork metrosynda milletparazlyk hüjümine duçar bolandygy barada, metbugatda maglumat çap edilýär. Seweid geçen çarşenbe güni ol wakany özüniň toslap tapandygyny boýnuna alandan soň azatlykdan mahrum edilipdir.
Daşoguzly Begenç (ady üýtgedilen – red.) üç ýyl mundan ozal türmeden azatlyga çykanyndan bäri henize çenli işe ýerleşip bilmän kösenýändigini, şeýle-de hukuk goraýjy işgärler tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändigini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesinden mälim bolşuna görä, “Ýympaş” söwda merkeziniň Türkmenistandaky problemalary bu türk kompaniýasynyň eýeleriniň dinçi Fethulla Gülen bilen güman edilýän gatnaşygy bilen bagly. Azatlyk Radiosy “Ýympaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň ýapylmagynyň we ýumrulmak planlarynyň çak edilýän sebäpleri barada mundan öň habar beripdi.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda okuwçylardan mekdepleriň öňünde Täze ýyl arçalaryny – ýolkany dikmek üçin pul serişdeleri toplanýar.
Türkmenistanyň nobatdaky prezidentligi üçin hasaba alnan dalaşgärleriň sany dokuza ýetdi. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary 26-njy dekabrda “raýatlaryň inisiatiw toparlary tarapyndan hödürlenen” ýene bäş kandidaty bellige alypdyr.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Gara deňziniň kenaryndaky Soçi şäheriniň golaýynda ýykylan harby ýolagçy uçarynyň kabina maglumatlaryny özünde saklaýan esasy gara gutunyň tapylandygyny aýdýar.
Amerikaly aktýor Sylwester Stallone ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Trampyň özüne hödürlän wezipesinden gaça durandygyny aýdýar. Stallone eger razylaşan bolsady onda ol ABŞ-nyň Milli amaly-haşam fondunyň baştutany wezipesine saýlanjakdy. Munuň bilen baglanşykly maglumaty "Variety" žurnaly çap edipdir.
26-njy dekabrda Russiýa harby uçarda heläk bolan 92 adamyň hatyrasyna döwlet derejesinde ýas yglan eden mahaly, häkimiýetler ölenleriň arasynda Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň esasy agzalarynyň bardygyny mälim etdi.
Aşgabadyň birnäçe ýyllap ýapyk duran uly bazarlarynyň birnäçesi ýaňy-ýakynda gaýtadan açyldy. Emma Aşgabadyň ýaşaýjylary öň il içinde örän meşhur bolan agzalan söwda nokatlarynda şu günler alyjylaryň köp göze ilmeýändigini aýdýarlar.
Germaniýanyň esasy kanun kazyýetiniň sülçüleriniň aýtmagyna görä, mekdepde okaýan gyzlar yslam geýim kadalaryna görä sapaklardan boşadylyp bilinmez.
Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýa barýarka ýykylan rus harby uçarynyň üstündäki adamlaryň biriniň jesediniň Gara deňizden tapylandygyny aýdýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen mediasy prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda, azyk bolçulygyny üpjün etmek, bazarlarda we dükanlarda azyk önümleriniň we sowgat harytlarynyň bolçulygyny ýola goýmak boýunça çäre görülýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan pul toplamak çäreleri amala aşyrylýar.
Şu hepde Türkiýede atylyp öldürilen rus ilçisine öz dogduk ýurdunda gahrymanlarça hoşlaşyk dabarasy geçirildi. Moskwadaky Russiýanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen çärede, ýokary derejeli resmiler Andreý Karlowyň jesedi ýerleşdirilen tabydyň öňünden geçdiler.
Türkmenistanda häkimiýetler çilimiň ýüzlerçe adamlyk nobatyna gözegçilik etmek tagallalaryny güýçlendirip, dükanlaryň öňlerine howpsuzlyk gulluklarynyň goşmaça işgärlerini we ýörite kameralary ýerleşdirdiler.
Moskwadan 180 kilometr demirgazyk-gündogarda, Wladimir welaýatynda ýerleşýän Bogolýubowo şäheriniň dindarlary ybadathananyň golaýynda kondom kärhanasynyň gurulmagyna garşy çykýarlar.
Şu günler Türkmenistanyň döwlet edaralarynda ýörite ýygnaklar geçirilip, işgärleriň şeker, un, çilim ýaly gyt harytlaryň nobatlarynda görünmeli däldigi barada ýörite görkezmeler berlip başlandy.
Ýene-de ýükle