Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Soňky on ýylda daşary ýurtlarda golf meýdançalaryny guran amerikan biznesmeni Jak Niklaus (Jack Nicklaus) indi Türkmenistanda, ozalkylaryndan täsin bir ýagdaýdaky ýurtda golf meýdançalaryny gurmak bilen meşgullanýar.
ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Donald Tramp ýurduň Döwlet sekretary wezipesine kandidat hökmünde ExxonMobil kärhanasynyň ýolbaşçysy Reks Tillersony (Rex Tillerson) resmi derejede hödürledi.
Öňümizdäki hepdä planlaşdyrylan ses berişlikde geljekki prezidenti tassyklamaly saýlaw kollegiýasynyň käbir agzalary 8-nji noýabr saýlawlaryny gazanmakda Orsýet Donald Trampa kömek etdi diýilýän gürrüňler barada, özlerine jikme-jik maglumat berilmegini isleýärler.
Halkara Maliýe Fondy (HMF) Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň haýallamagynyň dowam etjegini aýdýar.
Türkmenistan potensial gaz resurslarynyň möçberiniň ozalkysyndan has köpdügini görkezýän sanlary çap etdi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, ýurtda media serişdelerine edilen “görlüp-eşidilmedik repressiýa” tutuş dünýäde tussag edilen žurnalistleriň sanyny 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetirdi diýýär.
Russiýanyň tanymal oppozision lideri Alekseý Nawalnyý ýurtda 2018-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan saýlawlarda prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi.
Gyrgyzystanyň saýlaw resmileri ses berijileriň aglaba köplüginiň baş kanuna girizilmegi teklip edilen düzedişleri goldap ses berendigini aýdýarlar. Bu düzedişlerde jynsdaş adamlaryň nikalaşmagyna gadagançylyk girizmek we prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny premýer-ministre geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bitaraplyk senesini belleýär. Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna eýe bolan döwletdigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, dünýäniň 185 ýurdunyň goldamagynda kabul eden rezolýusiýasynda görkezilýär.
Gyrgyzystanyň saýlaw resmileri ses berijileriň aglabasy käbir ygtyýarlyklary prezidentden premýer-ministre geçirjek we şol bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagyny bikanun etjek konstitusiýa referendumyny goldady diýýärler.
Gyrgyzystanda esasy ygtyýarlyklary prezidentden premýer-ministre geçirjek we şol bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagyny bikanun etjek konstitusiýa referendumy geçirilýär.
Siriýanyň hökümet güýçleri we ýaranlary jeňçileriň gözegçiligindäki Aleppo şäherine hüjümi dowam etdirýärler.
Türkmen metbugaty Aşgabatda ilatyň sagdyn naharlanmagy baradaky milli programmanyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan mejlisiň bolandygyny habar berýär.
Halkara günä geçiş guramasy Türkmenistanda gynalýan garaşsyz žurnalist üçin gyssagly herekete geçilmegine çagyrýar.
Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezligi tabşyrmak üçin, ýörite duşuşyklar geçirilýär.
Professor, taryh ylymlarynyň doktory Şöhrat Kadyrow 63 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Benjamin Henry Blackwell 1879-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda kitaplara bolan çäksiz söýgüsinden ugur alyp, bir kitap dükanyny açypdyr. Onuň kakasy Benjamin Harris Blackwell kitaphanaçy ekeni.
Aşgabatda türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Yimpaş” söwda merkeziniň we “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň binalarynyň ýerine awtoulaglar üçin parkowka duralgasynyň guruljakdygyny Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar berýärler.
Birleşen Ştatlaryň tehnologiýa kompaniýalarynyň dördüsi öz onlaýn hyzmatlaryndan terrorizm bilen ilteşikli maglumatlary aýyrmak üçin, güýçlerini birleşdirýändiklerini aýdýar.
Ýene-de ýükle