Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussaglykda saklanýan habarçysy – Hudaýberdi Allaşowy “dessine” azat etmäge çagyrdylar.
“Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy entek planlaşdyrmaýandygyny mälim etdi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) türkmen häkimiýetlerini Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowy “dessine” azatlyga goýbermäge çagyrdylar.
5-nji dekabrda Orsýet bilen Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Günbatar döwletleri tarapyndan öňe sürlen rezolýusiýanyň taslamasyna weto goýdular.
Türkmenistan öz “ak altynynyň” halkara bazarlaryndaky pozisiýalaryny pugtalandyrýandygyny yglan edýärkä, ýurduň pagta meýdanlarynda galan hasyl henizem çöplenýär we bu iş üçin mejbury zähmet güýji çekilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Allaşow Hudaýberdi Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edildi.
Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi ýurduň konstitusiýasyny reformirlemk baradaky synanyşykda ýeňilendigini boýun alyp, wezipesinden çekildi. Ol bu ýeňlişi “adatdan daşary açyk” ýeňliş diýip atlandyrdy.
Türkmenistanda pagta ýygymy şu günki güne çenli dowam edip gelýär, şol bir wagtda-da daýhanlaryň ençeme aý mundan ozal tabşyran pagta hasyly üçin, hasaplaşyk doly amala aşyrylman galýar.
Rus Prawoslaw ybadathanasynyň Türkmenistanda dini administratiw – territorial birlik ýeparhiýasyny döretmek boýunça nobatdaky tagallalarynyň ýene başa barmandygyny dini meseleler boýunça “Forum-18” täzelikler agentligi habar berýär.
Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komiteti ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynyň deslapky netijeleriniň 5-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da yglan ediljekdigini aýtdy.
"Netflix" atly telekanal özüniň YouTube saýtyndaky sahypasynda täzelikde surata düşürilen "Barry" atly kinofilminiň treýlerini halk köpçüligine hödürledi.
"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" proýekti, türkmen resmisine salgylanyp, 2015-nji ýylyň awgustynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen graždan aktiwisti Saparmämmet Nepesgulyýewe öz uýasy Liliýa Nepesgulyýewa bilen duşuşmaga şert döredilendigini habar berýär.
Daşoguz welaýatynda hususy awtoulaglaryň tehniki gözegçiliginden geçirilmegine resmi gözegçiligiň güýçlenendigi, emma awtoulaglaryň tehniki gözegçiliginden geçirilendigi baradaky resminamalary parasyz alyp bolmaýandygy habar berilýär.
Demirgazyk Owganystanda aýal-gyzlaryň gynalmagy artdy. “Aýal-gyzlar jynysy zorluga duçar bolýarlar, maşgala gynamalaryna-da duçar edilýär” diýip, aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny goraýjy guramalar mälim edýärler.
Türkmenistanda "Line" we "Odnoklassniki" sosial ulgamlarynyň ulanyjylary Milli howpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” äkidilýär.
Türkmenistany Owganystan bilen birleşdirýän täze demir ýoluň açylyşy serhediň iki tarapynda-da müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreler bilen dabaralandy. Türkmenistanda ýerli ilatyň, şol sanda garrylaryň we çagalaryň guramaçylykly gatnaşdyrylmagynda ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin çärä meňzeş dabara owgan tarapynda hem guraldy.
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew «Ala-Arça» döwlet rezidensiýasynda ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş edip,öňde duran saýlawlar, impiçment we irki parlament saýlawlary barada gürrüň etdi.
BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti 30-njy noýabr, 1-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda bu ugurda edilen işler baradaky hasabaty diňleýär.
Ýene-de ýükle