Ozalky tussaglar özleriniň urlup-ýenjilendiklerini, gynalandyklaryny we käte, goşmaça jeza çägesi hökmünde, birnäçe günläp demir kapasalarda saklanandyklaryny, ol ýerde tä çykarylýançalar dyza çöküp durmaly bolandygyny gürrüň berdiler.
Soňky 15 ýylyň dowamynda Bahtiýar Uzakow Orsýete gidip, çagalarynyň durmuş toýy üçin pul gazanýar. Häzir ol Kareliýada Nikolaý Mukkoneniň kärhanasynda işleýär.
Soňky hepdede Duşenbe şäheriniň milisiýa işgärleri «Pyçak» operasiýasynyň çäginde, paýtagtly 13 ýetginjekden pyçak hem şoňa meňzeş sowuk ýaraglary aldylar.
Noýabr aýyndan başlap, Gazagystanda un we un önümleriniň bahalary ýokarlandy. Hökümetler muny şu ýylky hasyl azlygy bilen düşündirýärler hem çöregiň bahasynyň indi gymmatlamajagyny aýdýarlar.
Täjigistanda şu ýyl 14 müňe golaý aýal, şol sanda 15-den 19 ýaş aralygynda bolan müňe golaý gyz abort ýoly bilen islenmeýän göwreliligiň öňüni aldylar.
Gyrak-çetdäki serhet berkitmesine edilendigi aýdylan terror hüjümi bilen baglylykda, täjik resmileri tarapyndan elhenç görnüşli suratlar çap edildi, soňra olar redaktirlendi we ahyrynda öçürildi.
Siriýadan çykarylyp getirilenlerden birnäçe aýal "terrorizm bilen gatnaşykly" diýlip, sud jogapkärçiligine çekildi. Oňa degmediler, ýöne onuň gaýyn enesi iki ogly bilen Siriýa gitmekçi bolanda saklanyp, indi türmede otyr.
“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň jeňçileri Täjigistanda serhet berkitmesine hüjüm edip, bir serhetçini we bir polisiýa ofiserini öldürdi diýip, täjik resmileri aýtdylar.
«Manas» aeroportunyň golaýynda awtoulagyň ýük goýulýan bölüminden güýç bilen öldürilene meňzeýän adam jesedi tapyldy. Ondan öňki hepdede ‘dereksiz ýitdi’ diýilýän işewür adamyň jesedi aýan edilipdi. Bu ganly wakalar hökümete garşy tankydy güýçlendirdi.
Ýüzlerçe adam çala gurlan jaýlarda ýa-da konteýnerlerde ýaşamaly bolýarlar, olary sowuk gyşyň ýakynlaşmagy howsala salýar.
Duşenbedäki № 4 tussaglar koloniýasyndan 558 adam amnistiýa bilen azatlyga goýberildi. Hökümetleriň maglumatyna görä, geçen iki günüň dowamynda iki müňe golaý tussag azatlyga çykypdyr, olardan 165 sanysy aýal.
Täjigistanda geçen hepde yglan edilen köpçülikleýin amnistiýanyň 29-njy oktýabrda güýje girmegi bilen, tussaglaryň birinji topary azatlyga goýberildi.
Ýene-de ýükle