Halkara guramalaryň maglumatyna görä, Owganystandan gaýdýan tonnalap neşe Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň üstünden Orsýete we Ýewropa geçirilýär.
Andijan welaýatynyň Marhamat raýonyndaky bäbekhana toplumynda bolýan aýallardan, Azatlyk Radiosyna iberilen suratda, çaga dogran aýallar bäbekleri bilen polda ýatýarlar. Bäbekhananyň baş wraçy aýallaryň polda ýatýandygyny inkär edýär.
Bişkek şäheriniň häkimligi hapa taşlanýan gaplary ilkinji gezek aýry-aýry edip başlady. Paýtagtda plastika, kagyz hem çüýşe galyndylar üçin aýratyn gapyrjaklar goýylýar.
14 ýaşyndaky oglan Jyzak şäherindäki köpugurly çagalar keselhanasynda ýogalandan soň, onuň agasy eli pyçakly wraçyň üstüne topuldy. Hadysa şaýat bolanlaryň Azatlyga aýtmagyna görä, 26 ýaşy ýigit kiçi doganynyň ölmeginde wraçy günäkärleýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Rikard Jozwiak 7-nji iýulda Bişkekde, ÝB-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň geçýän wagtynda ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini bilen söhbetdeş boldy.
Paýtagtyň parklarynda wi-fi täsiri düşýän zolaklar peýda boldy. Ýokary çaltlykdaky MegaFon-Täjigistan internet ulgamyndan, ýerli ýaşaýjylar hem myhmanlar mugt peýdalanyp bilýärler.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini 6-njy iýulda, Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän iki günlük saparynyň çäginde ilkinji nobatda Türkmenistana barýar.
2-nji iýulda Özbegistanyň öňki merhum prezidentiniň agtygy Iman Kerimowa Instagramdaky öz sahypasynda, ejesi bilen resmi Daşkendiň arasyndaky gatnaşyklar barada täze anyk maglumatlary aýan etdi.
Ýene-de ýükle