Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bir ýylda ýüze golaý ýygnak geçirendigini aýdyp, çäreçi raýatlaryň alkyşlaryny kabul etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky dabara gatnaşdy. 28-nji dekabr, 2018 ý. TDH-nyň suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky dabara gatnaşdy. 28-nji dekabr, 2018 ý. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Ministrler kabinetiniň taryha gidýän 2018-nji ýyldaky iň soňky mejlisini geçirdi we egindeşleriniň gutlaglaryny hem-de Täze ýyl arçasynyň ýanyna baryp, il içinde "çäreçiler" diýilýän "bagtyýar" raýatlaryň alkyşlaryny kabul etdi.

Döwlet baştutany ýylyň jemlerini jemläp, ozaly şu ýyl Ministrler kabinetiniň 51 mejlisiniň, dürli döwlet ýygnaklarynyň 41-siniň geçirilendigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Emma bu mejlisleriň dowamynda näçe resmä käýinç, berk käýinç yglan edilendigi, näçe resmä iň soňky duýduryş berlendigi, näçe emeldaryň “başga işe geçmegi sebäpli” işden boşadylandygy, näçe emeldaryň “işinde düýpli kemçiliklere ýol berendigi üçin” diýlip wezipesinden aýrylandygy anyklaşdyrylmady.

Şeýle-de, 2018-nji ýylda daşary ýurtlara 10 saparyň amala aşyrylandygy, beýleki döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň Türkmenistana 10 saparynyň amala aşyrylandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, “dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän çökgünlige garamazdan”, Türkmenistan “üýtgewsiz ugur boýunça täze belentliklere tarap ynamly barýar”.

Ekspertler, global nebit bahalarynyň arzanlamagy we iri gaz alyjylaryny ýitirmegi, üstesine, milliardlarça dollar serişde harçlanan, şol bir wagtda ykdysady manysy az bolan taslamalardan el çekmezligi netijesinde, Türkmenistanyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Ýurduň oba hojalygynda, senagatynda dörän uly problemalar ýylyň dowamynda geçirilen mejlislerde we maslahatlarda prezident Berdimuhamedowyň öz aýdan sözlerinde hem yzygiderli ýagdaýda, bölekleýin, emeldarlary yzygiderli täzelemek bilen tassyk edildi.

"Haýp, bu görülýän çäreler ýagdaýy üýtgetmeýär, sebäbi ozal bir iş bilmeýän emeldaryň ýerine täzesi gelýär, olary saýlap-seçip alýan hem, soňra kowýan hem şol bir adam" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklmagyna görä, hökümet mejlislerinde on ýyl bäri şol bir sözler gaýtalanýar, emele gelen agyr ýagdaý, çözülmeli meseleler barada hiç bir anyk gürrüň edilmeýär, üstesine metbugat hem doly kontrollyk astynda saklanýar.

Soňky döwürde öňe sürlen we ýurduň bazarlarynyň daşary ýurtdan altyn pula getirilýän önümlere barha artýan garaşlylygyny kemeltmek, muňa derek eksportyň möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek barada edilýän talaplar, azyk önümleriniň nobatlaryndan çen tutulsa, garaşylýan netijäni bermeýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän dürli derejedäki resmileriň tassyklamaklaryna görä, uzak ýyllaryň dowamynda hakyky bazar düzgünlerine geçilmegine ýol berilmezligi, hökümetiň öz goldaýan “aýratyn hukukly” telekeçileriniň döredilmegi netijesinde, durmuşyň ähli ugry boýunça berk döwlet kontrollygynyň saklanyp galmagy öz “agyr netijelerini” berýär.

Emma ýyl boýy oba hojalygynda, senagatda garaşylýan reformalaryň depginiň haýallygyndan nägile bolan prezident Türkmenistanyň “agrar ülkeden senagat taýdan ösen ýurda öwrülendigini” ýene bir gezek ynandyrmaga çalyşdy.​

Bu ynandyrmalar bugdaýdan ýokary hasyl alandygyny, pagta planyny doldurandygyny yglan eden ýurduň çar künjeginde unuň, mal iýminiň, ösümlik ýagynyň gytçylygynyň dowam edýän wagtyna, döwletiň bazarlardaky bahalary polisiýa güýçlerini ulanyp saklajak bolýan pursatlaryna gabat geldi.

Soňky gelip gowşan maglumatlara görä, Türkmenistanda dollaryň “gara bazarynda” ýene-de nyrhlar ýokarlanýar, mugt we ýeňillikli hyzmatlaryň ýatyrylmagy bilen gaz we suw öljeýji gurallary gyssagly oturtmaly bolan hojalyklaryň köpüsi, maliýe kynçylyklary bilen baglylykda, “rowaçlygyň watany” şygary astynda garşylanýan Täze ýylda tölemeli boljak jerimelerini alada edýärler.

XS
SM
MD
LG