Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban baýramynda şäher ýerlerinde köp adamly üýşmeleňler çäklendirilýär


Gurban baýramynda hiňňildikde uçýan adamlar. Aşgabat. Arhiw suraty.
Gurban baýramynda hiňňildikde uçýan adamlar. Aşgabat. Arhiw suraty.

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynda häkimiýetler koronawirusa garşy petikleme çärelerini gaýtadan ýaýbaňlandyrýar. Azatlygyň habarçysyna görä, welaýat resmileri baýramçylygyň dowamynda köp adamly ýygnanyşyklaryň öňüni almak boýunça ýygnak geçirýär. Sebitde petiklemeleriň gerimini gaýtadan giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden habar berýärler.

Azatlygyň habarçysyna görä, sebit resmileri 19-njy iýulda welaýat häkimliginde ýygnak geçirip, sebitde Gurban baýramynyň bellenip geçilmeginiň tertibini maslahat etdi. Ýygnakda ähli etraplarda karantin döwründe üýşmeleňleriň öňüni almak, sadaka we toý çäreleriniň islendik görnüşini gadagan etmek maslahatlaşyldy.

Ýöne habarçymyz heniz göz öňünde tutulýan karantiniň, görnüşinden, yglan edilmändigini ýöne sebitde restoranlaryň we kafeleriň ýapylandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, awgust aýynda bazarlaryň hem gaýtadan ýapylmagyna garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy Mary we Baýramaly şäherlerinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň köp gatly jaýlaryň aralarynda aýlanyp, adamlara çadyr gurmagy, ot ýakyp gazan atarmagy, adam üýşürmegi, mal soýmagy we hiňňildik uçulmagyny, umuman Gurban baýramynyň bellenilmegini gadagan edýändigini habar berýär.

Türkmenistanda 20-21-22-nji iýul günleri Gurban baýramyny bellemek kararlaşdyryldy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri şeýle gadagançylyklaryň sebäplerini ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalary bilen düşündirýärler.

Global pandemiýa döwründe Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde ýüze çykarylýan kesel hadysalary barada habar berýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler şäher ýaşaýjylaryna obalara gidip, gurbanlyk bellemegi ýa-da beýleki toý-ýas çärelerini obalarda geçirmegi maslahat berýärler.

“Bu zatlar şäher ýerlerinde umuman gadagan. Bize-de ýokardan gelen buýruk şeýle” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir polisiýa işgäriniň sözlerini sitirleýär.

Häkimiýetler şäher ýerlerinde geçirilýän ýas çäreleriniň daşarda çadyr gurmazdan, az adamly geçirilmegini maslahat berýärler.

“Geçen ýyl bular ähli sallançaklary ýykdylar, bu ýyl şäher bolsun, oba bolsun, tapawudy ýok sallançak gurýan adamlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini aýdýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Biz berjek sadakalarymyzy arkaýyn berip bilmeýäris” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu aralykda Azatlygyň habarçysy Gurban baýramynyň fonunda ýerli bazarlarda azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanandygyny habar berýär.

Habarçymyz baýramçylygyň fonunda Marynyň bazarlaryndaky käbir harytlaryň bahalaryny öwrendi:

  • Pagta ýagynyň 5 litri 350 manat, sebitde pagta ýagy defisit
  • Ýerli unuň pes sortunyň 50 kilogramlyk bir haltasy 450 manat, iň ýokary hilli un 650 manat
  • Ozallar 8 manatdan satylan çörek indi 10 manat
  • 1 kg käşir – 12 manat, soga 7 manat, tüwi 20 manat
  • Gurbanlyk üçin ortaça 20 kilogram agramly goýunlar 1400-1500 manat aralygynda bahalanýar

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu ýyl sebitde köp maşgala azyk harytlarynyň gymmatçylygy sebäpli, gurbanlyk sadakasyny bermäge özleriniň gurbunyň çatmaýandygyny aýdýarlar, köpler gurbanlyk üçin soýan malynyň etini ýeter-ýetmez maşgalalara paýlamagy saýlap alýar.

“Gurbanlyk bermek üçin 4 müň manat pul gerek. Oba ýerlerinde gurbanlyk berýän hojalyk gaty az” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

20-nji iýulda öýlän Azatlyk Radiosynyň Lebap sebitindäki habarçysy Farap şäheriniň hem-de Dänew we Darganata etraplarynyň metjitlerinde baýram namazynyň okalmayndygyny habar berdi. Ýöne çäklendirmelere garamazdan, habarçymyz sebitde gurbanlyk sadakalaryny öýlerinde gizlin berýän hojalyklaryň bardygyny habar berýär. Beýleki tarapdan, onuň sözlerine görä, Lebapda köp hojalygyň ýurtda dowam edýän ykdysady krizis sebäpli gurbanlyk bermäge gurby çatmaýar.

Bu aralykda, Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda gaýtarmaga dowam etdirýär.

Biziň habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, 18-nji iýulda “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy çarter gatnawy bilen Stambuldan Türkmenabada 142 adam getirdi. Olaryň ählisi karantine ýerleşdirildi. Habarçymyz uçardaky ýaş çagaly maşgalalaryň Türkmenabadyň köp ugurly hassahanasyna ýerleşdirilendigini habar berýär. Ol bu gatnaw bilen ýurda dolanan raýatlaryň arasynda ýarawsyz adamlaryň az bolandygyny aýdyp, maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG