Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň öri meýdanlarynda sürülere topulýan möjek köpeldi  


Türkmenistan 
Türkmenistan 

Mary welaýatynyň çöl ýerlerinde mal bakýan çopanlar ýitgi çekýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolan çopanlaryň sözlerine görä, öri meýdanlarda möjekleriň sany köpelip, olar yzygiderli sürülere topulyp, ençeme maly zaýalaýarlar.

Birnäçe çopanyň aýtmagyna görä, şu günler malyň yzyna düşmek kynlaşypdyr. Adynyň efirde tutulmazlygyny soran çopanlaryň biri goýun sürüsini özüne mal bakmak üçin rugsat berlen giňişlikde bakan wagtynda bir hepdede iki gezek möjegiň topulandygyny gürrüň berýär.

"Men öz goşumdan 5 kilometr daşlykda mal bakmaly bolýaryn, men ot azlyk edensoň, mallary her güni goşdaky ýatagyma getirip bilmän, garaňkyda meýdanda ýatmaly bolýaryn. Şul soňky 1 hepdede 2 gezek meniň malyma meýdan iti -möjek agyz urdy, ýogsa meniň ýanymda 3 sany türkmen iti hem bar. Ol möjek her gezek mallaryma gelende içinden 7-8 sansyny ýaralap geregini edinip gidýär, meniň çopan itlerim hem onyň ysyny alyp bilmeýärler. Mundan ozal meýdan iti köp mal ýaralamazdy, müňlerçe goýundan, degse 2-3 sanysyna degerdi" diýip, çopan gürrüň berdi.

Ýerli çopanlar adatça mallaryny goşlaryndan birnäçe kilometr uzaklykda bakýarlar. Olar goşlaryň töwereginde ýeterlik otuň ýokdugyny aýdýarlar. Şu sebäpden sürülerini çöle äkidýän çopanlar gijelerine şol ýerde meýdanda ýatmaly bolýarlar.

Azatlyk bilen gürleşen çopanlaryň biri soňky hepdelerde möjekleriň sürülere has köp topulyp başlamagynyň olaryň sanynyň köpelýändigini aňladýar diýip belleýär. Çopanyň sözlerine görä, bu ýagdaý mallar gyrylyp, maddy zyýan bilen çäklenmän, eýse çopanlara-da howp salýar.

"Bir hepdede 2 gezek her 3 günden 7-8 maly zaýalap dursa ol gowulygyň alamaty däl. Bu meýdan itiniň köpelendigini aňladýar. Ol möjekler häzir mallaryň golaýynda gezýär, ertesi giden açyk çöl meýdanynyň içinde 10-12 bolup geliberseler, meniň çopan itlerim hem olaryň garşysyna berk durup bilmezler, soň olar adama topulsalar hem biziň elimizde goranmaga zadymyz ýok" diýip, çopan gürrüň berýär.

Köp ýyllap mal bakyp gazanç edýän tejribeli çopanlar ozalky ýyllarda çopan goşunda goşa tüpeň, ýeke tar tüpeň ýaly ýaraglary saklamaga rugsat berlendigini ýatlaýarlar.

"Indi haýsy goşa barsaň-da hiç birinde tüpeň ýok, ozalky ýaşuly çopanlar edil meýdan itlerini atmasalar-da howa atyp olary gorkuzardylar. Şu günki gün biz çopanlarda mallarymyzy meýdan itinden goramaga özlerimizi goramaga hiç bir mümkinçilik ýok, şol sebäpden mallarymyzy we özlerimizi meýdandaky ýabany ýyrtyjylardan goranmak üçin bizlere ýarag tüpeň we peşeň ok gaty zerurluk edýär" diýip çopan aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan çopanlar möjekleriň mal sürülerine hüjümleriniň ýygjamlaşmagy zerarly çekýän ýitgileriniň hasam köpelmeginden howatyrlanýandygyny aýdýarlar we öňdäki gyşyň hasam agyr şertlerde geçmeginden aladalanýarlar. Çopanlar häkimiýetler tarapyndan meselä üns berilmegine we kömege mätäçdigini aýdýarlar.

Geçen gyşda Mary welaýatynda köp maldar öz mallaryny tas ýarym bahasyna satmaga mejbur bolupdy. Fewral aýynda Murgap etrabynyň maldarlary mallaryň köpüsiniň gaty hor we tas gyrylmak derejesine ýetendigini aýdyp, tomusdaky kynçylyklaryň, şol sanda gurakçylygyň we öri meýdanlarda ot-iým ýetmezçiliginiň muňa sebäp bolandygyny aýtdylar.

Türkmenistanda maldarlar ýyllarboýy mallar üçin ot-iýim ýetmezçiligi, keselçilik, gurakçylyk ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar çeşmeleri iri we ownuk mallaryň müňläp aç we suwsuz gyrylýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýurduň oba hojalyk pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini aýdýar, emma maldarçylyk pudagynyň we çopanlaryň problemalaryny gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG