Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň işgärinde COVID-19 keseli tapylandan soň, onuň koronwirus barlaglary boýunça ikinji testiniň netijeleriniň hem pozitiw bolandygy anyklandy. Bu hassahana Aşgabatdan ilkinji gezek ýörite gorag egin-eşikleri iberildi.
Rus kazyýeti ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilany (Paul Whelan) içalyçylyk aýyplamalarynda günäli tapdy. Bu karary ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi “adalatyň ýaňsylanmagy” atlandyrdy.
Darganata etrabynda bugdaý oragyna gatnaşýan döwlet kombaýnlarynyň işleri ýangyç ýetmezçiligi sebäpli bökdençlige sezewar bolýar.
10 ýyl mundan öň,2010-njy ýylyň iýunynda, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oşda hem Jalal-Abatda milletara çaknyşyk ýüze çykyp, ganly heläkçilik döredi. Ganly heläkçiligi derňemek boýunça 5500-den gowrak jenaýat işi gozgaldy, ýöne ondan diňe belli bölegi açyldy.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen ýer-ýurt atlary we dürli döwürlerde olaryň sezewar bolan üýtgeşmeleri barada gürrüň edilýär.
Halkara Jenaýat sudy (HJS) ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Owganystandaky söweş jenaýatlary diýilýänler boýunça amerikan goşunlaryny derňeýän resmilere garşy sanksiýa girizmek kararyny ret etdi.
Ýurtda iýmit önümleriniň ýetmezçiligi bilen bagly aladalar, synçynyň sözlerine görä, prezidenti welaýatlara sapar etmäge iterýär.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden soň, Türkmenbaşydaky döwlet dükanlarynda hem azyk harytlaryny kartlar ýa-da kartoçkalar boýunça satyn almak düzgüni girizildi.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda tomusky dynç alyş lagerleri üçin 300 manat tölän mekdep okuwçylary ekin meýdanlarynda işlemäge, ýeralma ýygmaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.
Russiýa 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistandan 300 million dollarlyk tebigy gaz import etdi. Bu barada Reuters habar agentligi Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň we aktiwistleriň sosial ulgamlarda türkmen hökümetini açyk tankyt edip geçirýän protest çäreleri hem-de satiriki çykyşlary ýygjamlaşdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýunda agşam sagat 18:00-dan soň iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy.
5-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen ýurduň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew “işden goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy.
9-njy iýunda Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna edýän iş sapary dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda şäherde sişenbe güni günüň ikinji ýarymynda ýollaryň petiklenendigini habar berdi.
Ýene-de ýükle