Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berip, ABŞ-nyň Döwlet Departamentine ony ýene-de aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşmagy maslahat berdi.
27-nji aprelde agşamara Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde ýüz beren güýçli tupandan soň, Lebabyň merkezi Türkmenabatda başagaýlyk boldy.
Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garabogaz şäherindäki "Türkmenbaşy" bankynyň şahamçasy ilatyň bank kartlaryndaky puly talon boýunça nagtlaşdyrmak düzgünini girizdi. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär.
Täjigistanyň gündogaryndaky Nurabat raýonynyň ýaşaýjylary 17 ýaşly gyzy ýekegapan öldürenden soň, köp wagt geçse-de, hökümetleriň muňa garşy çäre görmeýändigine närazylyk bildirýärler. Hökümetler ýabany haýwanlaryň adama edýän hüjümine garşy hiç bir çäre görmän gelýär.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde turan apy-tupandan soň, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ilatyň elektrik we tebigy gaz üpjünçiligi heniz gaýtadan dikeldilmedi. Adamlar köçede ojakda nahar bişirýärler. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär.
Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de birnäçe döwlet edarasynyň ýurtda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak babatyndaky tagallalaryny öwýän ýüzlerçe elektron hatyň arkasynda Daşkent şäher bilim bölüminiň resmileriniň duran bolmagy mümkin.
Türkmenistanda ilatyň bank kartlaryndaky pul serişdelerini nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary dowam edýär. Baýramaly şäherinde bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar öz aýlyk haklaryny para bilen nagtlaşdyrmaga razy bolýar.
Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda, Aşgabadyň döwlet dükanynyň resmileri her gün satuwa çykarylýan azyk önümleriniň käbiriniň möçberini mälim etdiler.
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 206 müň adamdan geçdi, onuň 3 million töweregi adama
Şu günler Türkmenistanyň dürli regionlarynda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär hem-de ýüpek gurçugyny idetmek çäreleri bat alýar.
Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynda 18 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylaryna maý aýynda harby gulluga äkidiljekdigi duýduryldy.
Lebaplylar ýiti un gytçylygyny başdan geçirýärler. Welaýatyň ençeme obasynda ilat degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri Lebapdan habar berýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Türkmenistanyň bilim we magaryf ulgamy hem-de onuň töweregindeki meseleler barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.
Ýene-de ýükle