Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantiki geňeş (Atlantic Council) aň-düşünje guramasynyň uly ylmy işgäri Anders Aslund koronawirus pandemiýasyndan soň Russiýanyň başgaça boljakdygyny, nebitiň pes bahasynyň rus jemgyýetini has demokratiýa tarap iteklejekdigini aýtd
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki döwlete degişli edara-kärhanalarda aýal-gyzlaryň daşky keşbi bilen bagly çäklendirmeler täzeden güýçlendi.
Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşen mahaly, Lebap we Balkan welaýatlarynyň ýaşaýjalary öz kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň täze usulyny oýlap tapdylar.
Şu günler Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylaryndan özleriniň elektrik energiýasyny hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna barlatmak we hilini tassyklatmak talap edilýär.
Mary welaýatynda raýatlaryň bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanmak bilen bagly kynçylyklary gowulaşman, gaýtam gün-günden ýaramazlaşýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri bu sebitden habar berýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda Beýik Britaniýadan £1 milliona satyn alnan çäge Lebap atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodalaryna ýazyldy.
Gazagystanda Aýnagülüň öňki adamsy aýalynyň tenine şikes ýetirip, bu baradaky habar hem onuň fotosuraty sosial ulgamda ýaýrap, jemgyýetçiligiň pikirini özüne çekenden soň, ýagny hadysadan 21 gün geçende tusag edildi.
Şu günler Türkmenistanda nobatdaky oba hojalyk möwsümi dowam edýär – gowaça ekişi bilen bir hatarda güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar.
Şu günler Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary ýurduň banklarynda, hususan-da “Döwlet daşary ykdysady iş bankynda” we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynda barlag geçirýärler.
Dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi yzly-yzyna tapgyr dördünji ýyl azaldy we soňky onýyllykda iň pes derejä düşdi diýlip, Amnesty International (AI) guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar.
Azada Adalganyň bu sanynda "yztutar" sözi özleşdirilýär.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde azyk haryt satyn almak üçin döreýän nobatlar we olara kanun goraýjy edaralaryň gözegçiligi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji aprelde habar berdi.
Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 2,4 milliondan aşan mahaly, bu wirusdan ölenleriň sany 165 müň adamdan geçdi. Hökümetler täze respirator wirusyň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklaryny dowam etdirýän mahaly, bu çäreler köpçülikleýin bökdençlikleriň döremegine hem getirýär.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un we çörek gytçylygynyň ýitileşmegi bilen, ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň resmileri tamdyrda nan bişirip satýan adamlary tussag edip, olary soraga çekip başladylar.
Ýene-de ýükle