Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabadyň medisina edaralarynda lukmanlara iş wagtynda mobil telefonlaryny ulanmak gadagan edildi.
Türkmen delegasiýasy ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) Merkezi Aziýada geçirjek duşuşygyna gatnaşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda Owganystandaky ýagdaýlary maslahat eder.
Täjigistanyň paýtagtynda güýçli depginde gurluşyk işleriniň barýandygy hem-de şäheriň keşbiniň täzelenýändigi sebäpli, köp adamlara şäheriň köçelerinde hereket etmäge kynçylyk döreýär, maýyplara gapdaldan kömek bolmazdan, bir ýere baryp gelmek agyr düşýär.
Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlar baradaky maglumatlaryň köpelmeginiň fonunda, Aşgabatda çelekdäki zir-zibilleriň eýeçiliginiň özüne degişlidigini öňe sürüp, olara resmi däl ýagdaýda garawullyk edýän adamlaryň peýda bolandygy aýdylýar.
Şu günler Mary şäheriniň “Döwletenergogözegçilik” edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, 2019-njy ýyl üçin elektrik töleglerini tölemedik ýaşaýjylaryň toklaryny kesýärler.
Aýallar koloniýasynda transgenderiň garşysyna jynsy zorluk bolansoň, jenaýat işi açyldy. Hadysanyň boldy diýilýän wagtyndan ýarym ýyl geçenem bolsa, ol iş suda berilmedi. Jepa çeken tarap bu ýerde «basyşyň» bardygyny aýdýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny, elýeterliligi we täsir-güýji baradaky söhbetdeşliklere gönükdirilýär.
Birleşen Ştatlar we Ysraýyl Auşwitz, ýagny Oswensim konsentrasiýa lageriniň azat edilmeginiň 75-nji ýyl dönümini Eýrana dilden hüjüm etmek üçin ulandylar. Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýrany “planetadaky iň antisemit režim” diýip atlandyrdy.
Şu hepdäniň başyndan bäri Mary şäherinde ýerleşýän ähli hassahanalarda barlag geçirilýär.
23-nji ýanwarda Mary şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjylary etrapda tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Türkmenistan ýurduň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak we sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak boýunça çärelerini güýçlendirdi.
«Maşgalany zorlukdan goramak we öňüni almak» kanunyna düzediş girizmek Gyrgyzystanyň parlamentinde gyzgyn çekişme döretdi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginde alnyp barylýan täze gurluşyklar sebäpli onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar çapylyp ýok edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy habar berýär.
22-nji ýanwarda Mary şäheriniň Agzybirlik köçesinde esasy agyz suw turbasynyň ýarylmagy netijesinde ýaşaýjylar 14 sagatlap suwsuz galdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Içeri işler ministrliginiň işgärleri Lebabyň Türkmenabat şäherinde we Farap, Saýat hem-de Çärjew etraplarynda hasapda duran öňki neşekeşlere we ten söwdasyny edýän adamlara şugulçylyk etdirýär.
Golaýda Özbegistanda parlament saýlawlary tamamlanandan soň, prezident Şawkat Mirziýaýewiň wada beren reformalaryna jemgyýetiň ynamy berkedi. Saýlawdan soň parlamentiň kanunçylyk palatasynda deputatlaryň ortaça ýaşy aşaklady hem onda aýallar köpeldi. Ýöne üýtgejek zat az boljaga meňzeýär.
Gazagystanyň graždanini Rahyžan Zeýnolla indi 16 ýyl bäri Hytaýdan çykyp bilenok. Onuň aýaly Farida Kabylbek adamsynyň 13 ýyllyk türme tussaglygyndan soňra, bir ýarym ýyl «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerinde» saklanandygyny aýdýar.
Mary welaýatynyň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köçeleriň, ýollaryň gyralaryna üýşen ýagyn suwlaryny sübseli we pilli arassalamaly bolýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýdan şikaýat edýärler.
Birleşen Ştatlaryň respublikan prezidenti Donald Trampyň taryhy impiçment prosesi 21-nji ýanwarda senatda dowam eder.
Ýene-de ýükle