Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabadyň “Parahat” etrapçalarynyň ýaşaýjylaryndan kwartiralarynda aňry gitse 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ikinji suw ölçeýji abzalyny oturtmak talap edilýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi diýip, 16-njy maýda TDH habar berdi. Bu kompaniýa Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawod gurýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmenistanly häkimiýetler golland kompaniýasyna Awazada humar oýnalýan kazino gurdurmakçy bolýar.
Türkmenistanda azyk harytlarynyň käbir görnüşleriniň tapdyrmaýandygyny, harytlaryň bahalarynyň bolsa, yzygiderli ýokarlanýandygyny görse bolýar.
Özbegistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa öz ýurdunda adam hukuklary meselesi babatynda häzire çenli gazanylan öňegidişlikleriň “yza tesdirilmejekdigini” aýtdy.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda halkara tiz pul geçirim hyzmatlaryny hödürleýän “Western Union-yň” işi çäklendirildi. Bu barada Azatlygyň çeşmesi 16-njy maýda maglumat berdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Aşgabadyň iri gurluşyk taslamalary boýunça türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşan käbir daşary ýurtly kompaniýalar hökümetiň tölege ukypsyzlygy sebäpli özlerine tabşyrylan gurluşyklara henizem girişmedi.
Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny ýatyrmak ýalňyş bolardy diýip, 16-njy maýda nemes kansleri Angela Merkel aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşykdan çykmagynyň ýakynda ýaýran “howsalaly habarlaryň” biri bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Müsüriň baş müftüsi Şyh Allam ýurduň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalaryna oraza aýynda Bütindünýä bäsleşigiň jemleýji duşuşyklaryna taýýarlyk görülýän mahaly, agyz beklemän, orazany soň tutmaga rugsat berdi.
“Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk ýerlerinde suw ýetmezçilik edýär; bugdaý meýdanlarynda tas ähli bugdaýlary suwsuzlykdan şor guradypdyr, ösüp oturan bugdaýdan harman bolaýjak hasyl ýok” diýip, adynyň efirde Pirmät diýip tutulmagyny soran daşoguzly bir daýhan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Men eýýäm birnäçe günden bäri anokom iýip ýörün. Biz wiza kartlarymyzdan hiç hili pul alyp bilemizok, bize gaty kyn” diýip, Belarusda okaýan türkmenistanly bir talyp özi ýaly onlarça talybyň adyndan Azatlyk bilen habarlaşdy.
Birleşen Ştatlaryň Ysraýyldaky ilçihanasynyň Tramp administrasiýasy tarapyndan Ierusalimde geçirilen açylyş dabarasy ençeme hepde bäri barýan demonstrasiýalardan soňra dartgynlylygyň artmagyna getirip, Ysraýylyň ýaragly güýçleri duşenbe güni Gaza serhedinde onlarça palestinaly protestçini atyp öldürdiler.
Şu ýyl köp sanly daşoguzly ýaşlar Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň Nöküs şäherinde ýerleşýän Berdah adyndaky garagalpak döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin resminama taýýarlaýarlar. Bu barada Azatlygyň daşoguzly çeşmesi habar berýär.
Mundan ozal, Türkmenistanda 65 ýaşa ýetmedik hormatly dynç alyşdaky raýatlaryň öz pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde däl-de, plastik kartlaryň üsti bilen bankomatlardan almalydyklary hakynda ýörite bildiriş yglan edilipdi.
Polisiýanyň neşä garşy geçiren reýdleri sebäpli ýaňy hepdäniň aýagynda protestlere başlan gürjiler öz talaplary ýerine ýetirilmän halatynda, 19-njy maýda köçelere çykyp, ýene demonstrasiýa geçirjekdiklerini aýtdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda 12 – 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we özleriniň daşary ýurda goýberilmeýändigini öňe sürýän raýatlar bilen bir hatarda Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary türkmen resmileriniň Ženewadaky çykyşyna uly seslenme bildirip, hakykat ýüzünde Türkmenistandaky ýagdaýyň düýpgöter başgaçadygyny öňe sürýärler.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edenden soň, Pekine sapar edip, ýokary derejeli hytaý resmileri bilen gepleşikleri geçirýär.
Türkmenistanyň wekilçilikli topary iki günlük iş sapary bilen Eýrana bardy.
Türkmenistanda ýokary derejeli iç keselleri hassahanasynyň gurlandygyna 10 ýyl gowrak wagtyň geçendigine seretmezden, böwrek keselinden ejir çekýän hassalaryň kynçylyklarynyň kemelmeýändigi aýdylýar.
“Maňa maglumat beren Daşoguz şäheriniň Ýol gözegçilik gullugynyň bir inspektory öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň, mundan beýläk, diňe “Arkadagyň” ýakyn töwereginiň awtoulaglaryna dakylmaly edilendigini aýtdy” diýip, Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanyp, 11-nji maýda habar berdi.
Ýene-de ýükle