Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow GDA ýurtlaryna saparyny dowam etdirýär. Bir hepdäniň dowamynda Meredow Özbegistana, Täjigistana, Gürjüstana we Azerbaýjana sapar edip, bu ýurtlardaky kärdeşleri we döwlet baştutanlary bilen duşuşdy.
Geçen ýyl prezidentlik saýlaw kampaniýalary geçirilýän döwründe Trampyň oglunyň orslar bilen geçiren duşuşygyna, bir döwür Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen hyzmatdaşlyk eden russiýaly milliarderiň bir işgäri hem sekizinji adam hökmünde ýygnaga gatnaşypdyr diýip, media serişdeleri 18-nji iýulda habar berdi.
Ýolagçy uçarynyň gowgaly gündogar Ukrainada urlup ýykylmagynyň üçünji ýyldönüminde heläkçilikde pida bolanlaryň hatyrasyna Gollandiýada gurlan ýadygärligiň açylyşyna, pida bolanlaryň 2 müňden gowrak dogan-garyndaşynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanda türk oppozision hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, ýene-de onlarça adam tussag edildi. Ýurduň sud ulgamyna ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, 5-7-nji iýulda Lebap welaýatynyň sudy azyndan 40 adama garşy höküm çykardy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç yglan etdi diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.
Stanford uniwersitetiniň eýran asylly professory we matematika boýunça iň sylagly halkara baýragynyň ýeke-täk zenan laureaty bolan Marýam Mirzahaniniň ölümine ýas tutýanlaryň arasynda eýran liderleri hem boldy.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow HBO telewizion kanaly bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň Russiýa duşman bolardan has gowşakdygyny aýtdy we ýene bir gezek Demirgazyk Kawkaz respublikasynda geý ýokdugyny tekraralady.
Türkmenistanyň prezidenti ýokary okuw mekdeplerine studentleri kabul etmek meselesinden söz açyp, bu işiň “hiç-hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden, ýokary derejede we aç-açanlykda geçirilmelidigini” duýdurdy.
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň spikeri Pol Raýan Russiýa garşy “güýçli hem-de dogumly” täze sanksiýalary göz öňünde tutýan kanun taslamasynyň mümkingadar gysga wagtda durmuşa geçirilmegini isleýär.
Türkmenisytanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow otstawka çykmaga çalyşýar, emma ýurduň prezidenti onuň arzasyny kabul etmeýär. Bu barada Azatlyk radiosyna Aşgabatdaky iki çeşme habar berdi.
Geçen hepde banklaryň başlyklaryna käýinç berlenden soň, banklar şu hepdäniň başynda manady amerikan dollaryna konwertasiýa etmekde ýene bir çäklendirme girizdiler diýip, Azatlygyň türkmen telekeçileriniň içindäki ynamdar çeşmesi habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde şu ýyl bir million tonnadan sähel gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýat häkimlerine käýinç yglan etdi.
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow 11-nji iýulda Daşkende iş saparynda bolup, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşik geçirdi diýip, özbek metbugaty habar berýär.
Türkmenistanda şu günki gün ene-atalar mekdebi gutaran çagalarynyň bilim derejesiniň gitdigiçe peselmeginden aladalanýarlar.
Ýene-de ýükle