Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Orsýetiň harbylarynyň Siriýadaky goşunlaryny çykaryp başlandygyny Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygyna salgylanyp, media serişdeleri habar berýärler.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda hususy telekeçileriň öz bank hasaplaryndaky pullaryny ýerli manada nagtlaşdyryp bilýän mukdaryna çäklendirmeler girizildi.
"Geljekde grawitasiýa tolkunlary biziň kosmosa açylan täze penjirämiz bolar" diýen sözden ugur alan " Science" žurnaly, LIGO detektoryndan peýdalanmak bilen grawitasiýa (özüne çekmek, bütindünýä dartylyş) tolkunlarynyň äşgär edilmegini ýylyň açyşy diýip yglan edýär.
Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklarynyň ýokary derejeli resmileri 5-nji ýanwarda Senatda boljak diňlenişikde, ýurduň prezidentlik saýlawlaryna goşulmak boýunça kiber kampaniýasyna Orsýetiň güman edilýän gatnaşygy barada çykyş ederler.
2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin Türkmenistanyň milli neşirlerine ýazylan raýatlara ýylyň başyndan bäri gazet-žurnallar gowuşmaýar.
Daşogzuň “Maslahat” daýhan birleşiginiň obalarynyň ýaşaýjylary özleriniň agyz suwy hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin 5-6 kilometr ýoly söküp, daýhan birleşiginiň merkezine gatnap, 3-4 günlük içjek suwuny plastik gaplaryna dolduryp daşamaly bolýarlar.
Türk häkimiýetleri özleriniň Täze ýyl gijesinde Stambulyň gijeki klubynda gyrgynçylyk eden adamyň şahsyny anyklandyklaryny aýdýarlar, prezident Rejep Taýyp Erdogan bolsa şu pursatda ýurduň «terrorçylara» tabyn bolmajakdygyny jar etdi.
Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bagyşlap, ýörite websaýty ýola goýdy.
Siriýanyň gozgalaňçy toparlary 2-nji ýanwarda gijara özleriniň Orsýet tarapdan goldalýan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak barada barýan maslahatdan çekilýändiklerini yglan etdiler.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Kesgitleýji topary Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ugratmagy maslahat berdi.
Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk komiteti ýurduň raýatynyň 1-nji ýanwaryň gejesinde Satmbulda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşygynyň ähtimaldygyny barlaýar.
Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen baglylykda Eýrana gaz akdyrmagyny “birden” kesdi diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy aýdýar.
Minskiniň aeroportynda Türkmenistanyň raýaty 100,000 dollar möçberinde maliýe serişdesini jarnamada görkezmän, ýagny deklarasiýa etmän geçirmekçi bolanda tussag edildi.
“Yslam döwleti” atly jeňçi topar Täze ýyl gijesi Stambulyň gijeki klubyna edilen ýowuz hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol hüjümde 39 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.
Stambulda bir gije klubynda ýaragdan ot açyp, 39 adamy öldüren we başga-da onlarçasyny ýaralanan hüjümçiniň gözleg işleri gidýär.
Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow Köneürgenjiň deslapky tussaghanasyndan welaýat merkezine geçirildi.
Moskwa Birleşen Ştatlar tarapyndan Russiýanyň diplomatlaryna we howpsuzlyk gulluklaryna garşy girizilen täze sanksiýalara görä “barabar jogap” berer diýip, resmiler aýtdylar.
2016-njy ýylyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň region merkezlerinde şäher meýdançalarynda dikilen Täze ýyl arçalarynyň we uly monitorlaryň ýanynda geçirilýän mejbury baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylýandygy barada resmi bolmadyk habar ýaýrady.
Birleşen Ştatlaryň mediasy Russiýanyň ABŞ-daky saýlaw kampaniýasy döwri Demokratik partiýanyň e-meýllerini syzdyran bolmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalar boýunça ABŞ-nyň Moskwa garşy jogap çärelerini yglan etjekdigini habar berýär.
Ýene-de ýükle