Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Azatlygyň 16-njy iýulda habar berşi ýaly, Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen gurnan wideoşekilli maslahatynda derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew H.Ismatullaýewanyň ýanalyşy hakynda hem gysgaça durup geçdi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Hytaýyň Merkezi Aziýada barha batlanýan ykdysady agalygynyň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna syn edýär.
Türkmenistan Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy alyp barýan çärelerini güýçlendirmek üçin $20 million möçberinde karz pul alýar. Bu habar sanjym, waksina işleriniň has güýçlendirilen wagtyna gabat geldi. Emma hökümet COVID-19 ýokuşan ýa ondan ölen adamlar barada hiç bir maglumat bermeýär.
Türkmenistandaky krizisiň esasy sebäbi, Tuhbatulliniň sözlerine görä, häkimiýetleriň ýurduň Konstitusiýasyny, raýatlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny düýpden äsgermezligi... bolup durýar; ýurt içinde hiç bir garaşsyz habar serişdesi ýok, raýat jemgyýetiniň başlangyçlary bolsa ýok edildi.
14-nji iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Türkmenistanyň wekili Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny Türkmenistanyň goldaýandygyny beýan etdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinijangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär.
Baýden ABŞ-nyň harby güýçleri bilen işleşen terjimeçilere we beýlekilere kömek etmek planyny düzmek babatda Kongres agzalarynyň basyşyna sezewar boldy, sebäbi ol adamlardan indiki aýda, ABŞ bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmagy tamamlanyndan soň, “Talyban” tarapyndan gazaply ar alnar.
Ýene-de ýükle