Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Dünýä Türkmenleri türkmen dünýäsi barada gepleşikler tapgyryna dowam etdirýär. Nobatdaky programmamyz türkmeniň kino sungatynyň geçen ýoluna nazar aýlaýar.
Mary welaýatynyň etraplarynda raýatlar aýlyk haklaryny bank kartlary arkaly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Polisiýa ýagdaýa nägilelik bildirýän raýatlardan “sem bolmagy” talap edip, haýbat atýar.
Çehiýanyň kaşaň aýna önümlerini öndürýän kompaniýasy “Moser” türkmen prezidentine öz halaýan atlarynyň grawýurasy bilen bezelen, ýörite ýasalan wiski bokallaryny iberdi.
Lebapda häkimiýetler 10 tonnalyk tohumlyk pagta çigidini ele salandan soňra, sebitde önümçilige degişli çigidiň gytçylygy we munuň ýag önümçiligine ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada habarlar gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy COVAX halkara waksina gaznasynyň üsti bilen Türkmenistanyň 200 müň doza koronawirus waksinasy bilen üpjün edilendigini habar berýär.
Şu günler Türkmenistanda harby gulluga ýazky çagyryş möwsümi dowam edýär. Ýokary bilimi tamamlap, golaýda daşary ýurtlardan dolanan ýaş ýigitler karantin möhletlerini tamamlanlaryndan soňra dessine harby gulluga alnyp gidilýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almak isleýän türkmenistanly raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada habar berýärler.
Ýene-de ýükle