Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
11-nji maýda Russiýanyň hem Gazagystanyň serhedinde öz ýurduna dolanan ýüzlerçe özbek migranty jemlenip başlady. Olar Gazagystanyň hem Özbegistanyň hökümetlerinden Özbegistana aşar ýaly, tranzit ýoluň açylmagyny soraýarlar.
Mary welaýatynda azyk önümleri gün-günden gymmatlaýar. Pagta ýagyny diňe nobata durup satyn alyp bolýar. Döwlet dükanlarynda gyt azyklaryň ýany bilen satylýan harytlar çagalarda allergiýa döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň Baýramaly şäherinden habar berýär.
Ukrain metbugatynyň Harkow oblast polisiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, iki ýigit gabanjaňlyk sebäpli pyçaklaşdylar.
Aşgabadyň etegindäki şäherdir obalarda itleriň köpçülikleýin ýok edilmeginiň yzýany, ýerli ýaşaýjylara syrtlanlaryň we möjekleriň hüjüm etmegi bilen bagly wakalaryň köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler habar berýärler.
27-nji aprelde Maryda gopan harasatda azyndan bäş adam öldi, ondan köp hem bolmagy mümkin diýip, Azatlyk Radiosynyň golaýda Mary welaýatyna sapar eden aşgabatly habarçysy 13-nji maýda habar berdi.
Aşgabatda dürli reňkdäki awtoulaglary saklap, sürüjilerden ulaglaryny ak reňke boýamak talaby gaýtadan güýçlendi. Türkmenistanda BMW we Mercedes-Benz awtoulaglaryny sürmegi gadagan etmek barada döwlet resmileri derejesinde maslahat edilýär.
Gyrgyzystanda alty çaganyň enesi adamsynyň yzygiderli urup-ýenjip durmagyndan gaçyp, Jalal-Abatdan Bişkege gelipdir. Çagalary adamsynyň ýanynda galypdyr.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ilat arasynda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň köpelýändigini habar berýärler.
Eýranyň demirgazygyndaky Golestan welaýatynda ýerleşýän serhetçiler Türkmenistana öri meýdanlara we fermalara ýaýran ýangyny söndürmäge kömek etdiler. Bu barada Eýranyň “Fars” habar agentligi ýerli komandire salgylanyp, 10-njy maýda habar berdi.
Aşgabadyň köp gatly jaýynda split sistemalary başga ýere geçirmek işleri alnyp barylýan mahaly, ýörite tehnikanyň ýokary göteriji kranynyň aşak gaçmagy netijesinde bir işgär ýaralandy we jaýlaryň penjirelerine zyýan ýetdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow öz ýurdunyň wirusa garşy görlen çärelere syn edýän Bütindünýä saglyk guramasynyň ýörite iş toparyny kabul etmäge taýýardygyny aýtdy diýip, "RIA Nowosti" neşiri habar berýär.
Halkara günä geçiş guramasy (Amnesty Inetrnational) Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda Siriýa hökümeti we rus güýçleri tarapyndan soňky bir ýylda amala aşyrylan 18 sany uruş jenaýatlaryna barabar hüjümi dokumentleşdirendigini aýtdy.
Türkmenistanyň regionlarynda raýatlaryň arasynda un ýetmezçiligi bilen bagly seýrek ýüze çykýan nägilelik çäreleriniň iň soňkusy Daşoguz welaýatynyň iň iri etrabynda bolup geçdi.
Ýene-de ýükle