Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ol aýaly soňky ýoluna ugratdylar, onuň ölüminde adamsyna şübhe bildirilýär. Ölmezinden sähel wagt öň ol adamsynyň üstünden polisiýa arza ýazypdyr.
Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Türkmenistanyň hökümetiniň Owganystanda etniki türmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Farýab welaýatyna iberen ynsanperwer kömegini "Talybanyň" ele geçirmegi hem-de Lebapda turan harasat barada türkmen metbugatynyň dymyşlygy barada gürrüň edilýär.
Harasat: Dikeldiş üçin telekeçileriň berjek ýardamlaryny döwlet edaralary arkaly ibermek talap edilýär, arassaçylyga talyplar çekilýär, wideo düşürenler tussag edilýär
Ýewropa ölüm howply koronawirusdan saplanmaga synanyşýan mahaly, bu ýyl kontinentiň ýurtlary Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýa garşy ýeňşiň 75-nji ýyldönümini, ýagny 8-nji maýda bellenilýän Ýewropada Ýeňiş Gününi çäkli çäreler bilen belleýär.
Özbegistanyň Türkmenistan araçägine golaý Buhara, Horezm we Kaşkadarýa welaýatlaryna çekirtge howpy abanýar.
Türkmenistanda haýwanlara berilýän üns güýçlendirilýän ýaly bolup görünse-de, paýtagtda öýsüz-öwzarsyz itleriň we pişikleriň rehimsizlik bilen öldürilýändigi barada habarlaryň gelip gowuşmagy heniz dowam edýär.
Täjigistan birnäçe aýlap özüniň dünýäde koronawirus näsaglary hasaba alynmadyk sanlyja ýurtdan biridigini yglan edip gelenden soň, bu wirus bilen kesellän adamlaryň hassahanalary doldurmagy bilen, häzirki wagt Duşanbe ölüm howply wirusyň täsirinden sarsylýar.
Merkezi Aziýanyň gaz öndürijileri Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan koronawirus pandemiýasynyň täsirinden soň, talabyň azalmagy bilen Hytaýa iberýän gaz paýlaryny azaltmagy ara alyp maslahatlaşýarlar.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy dowam edýän pursady, ilata satylýan harytlaryň möçberi çäklendirilýär. Döwlet dükanlarynyň käbirine wideo kameralar arkaly gözegçilik edilýär. Alyjylar geçmeýän harytlary satyn almaga mejbur bolýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji maýda gol çeken buýrugyna laýyklykda Türkmenistanda öndürilen azyk önümleri, harytlary we materiallary “dostlugyň nyşany” hökmünde Russiýa muzdsuz berler.
Türkmenistanyň gündogarynda bolan apy-tupanyň müňlerçe gektar oba hojalyk meýdanyna zyýan ýetirendigi baradaky habarlaryň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ähli welaýatlarynda, şol sanda Lebapda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy baradaky hasabatlary diňledi.
Hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalary, kärdeşler arkalaşyklary, gurnaklar, meýletin raýat bileleşikleri, toparlar, haýyr-sahawat gaznalary raýat jemgyýetine mysaldyr. (Bu wideo maglumat taýýarlananda açyk Internet resurslaryndan, şol sanda Wikipediýanyň maglumatlaryndan peýdalanyldy)
Gyrgyzystanda COVID-19 güýjeýän wagtynda aýallary we gyzlary maşgaladaky zorlukdan goramak üçin, BMG hem-de Ýewropa bileleşiginiň «Ýagtylyk şöhlesi» inisiatiwasy 200 müň dollar bermegi karar etdi.
Duşenbe güni irden Aşgabadyň eteginde heläkçilikli ýol hadysasy boldy. Harby ulag ýolagçy awtobusy bilen çakyşdy.
Ýene-de ýükle