Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Lebap welaýatynda COVID-19 alamatlary bolan näsaglar köpelýär, Aşgabatda saglyk edaralary karantine ýapylýar.
Hökümetiň 18-nji iýunda çykaran buýrugyna laýyklykda, şu dynç güni paýtagt Nur-Soltanda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda we ýene dört şäherde (Garaganda, Şymkent, Pawlodar we Ekibastuz) goşmaça çäklendirmeler giriziler.
Bu wideoda Türkmenistanda käbir geografik atlaryň taryhy yzarlanýar.
Hökümet maslahatynda beýleki ýerli önümler bilen bir hatarda "Goza" nyşanly dokma önümleri maslahat edildi, ýöne ýurduň pagta önümçiligindäki mejbury zähmet barada dil ýarylmady.
Global koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda "Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy 20-nji iýula çenli yza süýşürýändigini mälim etdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlaryň aradan aýrylandygyny, şeýle-de harytlaryň hem nagt, hem-de nagt däl görnüşde elýeterlidigini 16-njy iýunda habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna sapar edýär. Welaýata edýän iş saparynyň dowamynda prezidentiň daýhanlar we telekeçiler bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.
Aşgabadyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) dürli bahanalar bilen zenan sürüjileriň resminamalaryny ellerinden alyp, olara jerime salmak çärelerini gaýtadan güýçlendirdiler.
Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň işgärinde COVID-19 keseli tapylandan soň, onuň koronwirus barlaglary boýunça ikinji testiniň netijeleriniň hem pozitiw bolandygy anyklandy. Bu hassahana Aşgabatdan ilkinji gezek ýörite gorag egin-eşikleri iberildi.
Rus kazyýeti ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilany (Paul Whelan) içalyçylyk aýyplamalarynda günäli tapdy. Bu karary ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi “adalatyň ýaňsylanmagy” atlandyrdy.
Ýene-de ýükle