Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda ähli edara-kärhanalardan, şol sanda hususy telekeçilerden 2021-nji ýyla çenli öz web-saýtlaryny döretmek talap edilýär. Google Translate bäş täze dili, şol sanda türkmençäni öz bazasyna goşdy.
Aşgabatda Türkiýe we Bangok ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygy barada bildirişler asyldy
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Moskwanyň 2014-nji ýylda eýeläp, özüne birikdiren Ukrainanyň Krym regiony baradaky dawasyny Waşington “ykrar edenok we hiç haçan ykrar etmez” diýýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 27-nji fewral güni öýlän Aşgabadyň “Teke bazarynda” kartoşkanyň satuwdan aýrylandygyny habar berdi.
Mary şäheriniň jemagat hojalygynyň işgärleri irden 6:00-dan gije 23:00-e çenli köçeleriň arassaçylyk işlerine çekilýär.
“Türkmenhowaýollary” ýatyrylan Aşgabat – Stambul – Aşgabat uçar gatnawlaryna öňünden bilet satyn alan ýolagçylaryň pullaryny yzyna gaýtaryp bermeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.
Hytaýda peýda bolup, häzirki wagtda onlarça ýurtda hasaba alnan koronawirus keseli dünýä ýaýraýan wagty, Azat Adalga pandemiýa, epidemiýa we endemiýa sözleriniň manylaryny özleşdirýär.
Türkmenistanyň howa gatnawlarynyň baş gullugy 26-njy fewraldan başlap 30-njy marta çenli özüniň Stambul gatnawlaryny togtadýar diýip, çarşenbe güni gullugyň wekili Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Goňşy Eýranda koronawirus ýokaşan adamlaryň sany artýan wagty, Türkmenistan özüniň Eýran bilen aradaky serhedini ýapandan soň, Aşgabatda kartoşkanyň bahasy gymmatlady.
Tanymal gazak raýat aktiwisti Dulat Aghadil kazyýetiň ýerli polisiýa hasabat bermek baradaky kararyny ýerine ýetirmändigi üçin tutulyp, Nur-Sultanda deslapky tussaghana ýerleşdirileninden bir gün soňra tussaglykda aradan çykdy.
Türkmenistanyň dürli regionlarynda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary, şol sanda bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar dowam edýär.
Türkmenistanda ýene-de bir ýegowa şaýady dini ynanjy bilen baglylykda türme tussaglygyna höküm edildi.
Goňşy Eýranda koronawirus sebäpli ölenleriň sany sekiz adama ýeten mahaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri bu wirusyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.
Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpott özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini “media azatlygyna goldaw bermekde” öwdi.
Türkmen çarwadarlary nobatdaky owlak-guzy möwsüminiň öňýany ýurduň maldarçylyk pudagyndaky şertlerden şikaýat edýär.
Daşkentde güýç ulanyjy guramalaryň ýokary derejeli onlarça gullukçysynyň üstünden ýapyk sud işi başlandy. Onda Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň, Goranmak ministrliginiň hem beýleki edaralaryň işgärleri bar.
Ýene-de ýükle