Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda soňky ýyllarda köpçülik çerlerini, baýramçylyk dabaralaryny uludan-uly tutmak, olara has öňünden berk taýýarlyk görmek we kän adam gatnaşdyrmak kada öwrüldi.
Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň arasynyň soňky aýlarda ýaramazlaşmagy sebäpli Ankara özüniň Ýewropa we Orsýet bilen bolan gatnaşyklaryny gowulandyrmak we söwda möçberini artdyrmak barada edýän tagallalaryny güýçlendirdi.
Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy, şeýle-de Halk maslahatynyň mejlisi mynasybetli günä geçişiň yglan ediljekdigine garaşylýar.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we azyk gytçylygyň fonunda, Daşogzuň ýaşaýjylary indi bugdaýy çyg görnüşinde satyn alyp, soňy bilen-de ony degirmende üwedip çörek meselelerini çözmäge synanyşýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary kazyýeti Eýranyň Birleşen Ştatlar tarapyndan gaýtadan girizilen sanksiýalara garşy beren şikaýaty esasynda 27-nji awgustda sud işlerine başlady.
Stambulda ýene bir türkmenistanly zenanyň söýgülisi tarapyndan öldürilendigi aýdylýar
Gündogar Ukrainada Russiýa tarapdar separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda bäş ukrain esgeri öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy.
Türkmenistanly erkin göreş boýunça türkmen sportsmeni Indoneziýada geçýän Aziýa Oýunlarynda doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjy testini geçip bilmedik ilkinji türgen boldy. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi mälim etdi.
25-nji iýulda Pakistanda geçirilen umumy saýlawlarda ýeňiş gazanan ýurduň täze premýer-ministri Imran Han saýlawlardan üç gün soň Eýranyň “Fars” habar gullugyna beren interwýusynda Pakistanyň Eýrandan energiýa import etmegi üçin “elinde baryny gaýgyrmajakdygyny” aýtdy. Imran Han bir hepde mundan ozal, 15-nji awgustda kasam kabul edip, ýurduň täze premýer-ministri wezipesine girişdi.
“Çagaňyz 10 ýaşyndan geçen bolsa, bir gün, okuw ýylynyň başlangyjynda ýanyňyza gelip, ‘internetden pylan zady edinmek isleýärin’ diýmegine garaşyberiň“ diýip, San-Fransiskoda ýerleşýän “Common Sense Media” atly hökümete degişli bolmaýan guramanyň ene-atalar boýunça hünärmeni Kerolaýn Knorr aýdýar.
Microsoft Birleşen Ştatlarda noýabrda geçiriljek möwsümara saýlawlaryň öňüsyrasynda rus hakerleriniň ABŞ-daky syýasy toparlary nyşana alýan hüjüm synanyşyklarynyň üstüni açandygyny aýdýar.
Düýn prezident Berdimuhamedow obasenagat boýunça orunbasarynyň hem-de bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) maglumat berdi.
1968-nji ýylyň 20-nji awgustyndan 21-ne geçilen gije Warşawa şertnamasyna girýän döwletler Sowet Soýuzynyň ýolbaşçylygynda Çehoslowakiýa harby hereketi amala aşyrýar. Bu basypalyjykly hereket bilen Sowet Soýuzy Çehoslowakiýada “Praga bahary” diýlip atlandyrylýan demokratiki reformalaryň, syýasy maýylganlygyň öňüne geçýär.
Daşoguzda ilata gündelik zerur bolan azyk-harytlaryň gymmatçylygy dowam edýär. Azatlygyň Daşoguz welaýatyndan howpsuzlyk sebäpli atsyz çykyş edýän habarçysy welaýatyň bazarlaryndaky soňky bahalar barada 20-nji awgustda habar berdi.
Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Ierusalimde geçjek gepleşikde esasy tema Eýranyň ýarag programmasy bolar diýýär.
Üstümizdäki ýyl Türkmenistan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýär. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň ýazmagyna görä, 17-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow karara gol çekip, kärendeçiler üçin degişli bugdaý plan borçnamasyny kesgitläpdir.
Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmonyň Özbegistana amala aşyrýan resmi sapary çylşyrymly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dartgynynyň gowşadylmagynda möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.
Türkmenistanyň daşary işler ministrligi raýatlara, olara daşary ýurda göçmek islän halatynda zerur bolýan raýatyň Suda çekilmändigi baradaky resmi haty bermegi soňky bir aý bäri bes etdi diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi habar berýär.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýyla çeken gaz dawasy indi resmi ýagdaýda Halkara arbitraž suduna geçirildi, hem-de üstümizdäki iki ýylyň dowamynda kazyýetiň höküm çykarmagyna garaşylýar diýip, Eýranyň “Mehr” täzelikler gullugy 15-nji awgustda habar berdi.
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin kenarýaka 5 döwletiň resmileri soňky 22 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50-den köp iş maslahaty geçiripdi.
Ýene-de ýükle