Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Daşoguzda eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri mekdep mugallymlary mejbury arassaçylyk işlerine çekilýärler.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinden awtoulag heläkçilikleri barada habarlar gelip gowuşýar. Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylary Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky ýygjamlaşýan soňky pajygaly wakalar barada habar berýärler.
15-nji awgustda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçide Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar diýip, Kremliň metbugat gullugy düýn habar berdi.
Siz “Google-dan” özüňiziň nirededigiňizi yzarlamagy islemeseňiz hem, ol sizi yzarlaýar diýip, “The Associated Press” agentliginiň derňew netijelerinde aýdylýar.
Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagyna iki hepde çemesi wagt galanda, ene-atalar Aşgabadyň bazarlarynda okuw esbaplarynyň bahasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende azyndan iki esse gymmatlandygyny bilip galdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň Yrakda we Siriýada harby taýdan ýeňlendigine garamazdan, bu iki ýurtda şindi-de jeňçileri bar. Olaryň sany 20 müň bilen 30 müňüň aralygynda.
Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda raýatlar pensiýa haklaryny we aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýärler.
Türkmen häkimiýetleri Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplary girizdiler.
15-nji awgustda ýokary derejede türkmen rus gepleşikleri geçirilmegi mümkin, prezident Wladimir Putin bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide duşuşýar diýip, Orsýetiň “Izwestiýa” neşiri 13-nji awgustda habar berdi.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Birleşen Ştatlar Orsýetiň banklaryna ýa olaryň belli bir walýutany ulanmagyna gadaganlyk girizse, Moskwa muňa “ykdysady uruş yglan etmek” diýip garap, “ykdysady, syýasy ýa gerek bolan halatynda beýleki serişdeler bilen” gaýtawul berer diýdi.
Hazarýaka döwletleriniň 12-nji awgustda geçirýän sammitiniň edil öňýany, Pekin Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisine goşulmaga isleg bildirýär. Bu barada Reuters habar gullugy pakistanly bir resmä salgylanyp, 8-nji awgustda habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetiniň 2006-njy ýylda tussaglykda aradan çykan bir adam hukuklary boýunça aktiwistiň ölüminden Türkmenistanyň hökümetiniň jogapkärdigini ýüze çykarmagyny 9-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy hem-de Human Rights Watch guramasy makullady.
Režissýor Kristofer Nolanyň komiks kitaby esasynda surata düşürilen we mundan on ýyl owal tomaşaçylara hödürlenen “Garabatyr” (The Dark Knight) atly kinofilmiň baş gahrymany tutuş kinolaryň žanryna öz täsirini ýetirdi.
Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýän “Şeker” azyk dükanynda gijeden “Ahal” ýagynyň nobatyna durýan ýaşaýjylar dükanyň açylmagy bilen biri-birisini itekleşip, öňe dyzap ugraýarlar. Bu ýerde başlanýar bir başagaýlyk, goh-galmagal. Ýaşaýjylar bir-birisini edil ýolmalaýjak bolýarlar.
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gazagystanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça Hazarýaka döwletleriniň V sammiti geçirilýär. Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abrahmanow 17-nji iýulda sammit boýunça žurnalistleriň öňünde çykyş edipdi.
Türkmen prezidenti ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän, aýlyklaryň gijikdirilip, ýurt raýatlarynyň hem iş gözleginde daşary ýurtlara çykýan döwri, Aşgabatda ýüzlerçe million dollarlyk kaşaň myhmanhanany gurmak baradaky karara gol çekdi.
Ylmy kitaplaryň köpüsi diýen ýaly okyjylaryň okamagy üçin ýazylmaýar. Ýöne publisist Douglas Hanteriň aýtmagyna görä, indi muny üýtgetmegiň wagty gelip ýetipdir.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň 2019-njy ýyldaky başlyklygyna taýýarlanýar diýip, “Trend” habar gullugy ýurduň 7-nji awgustda ýaýradan beýanatyna salgylanyp habar berýär. Ýöne bu beýanat barada Türkmenistanyň resmi onlaýn metbugatynda agzalmaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki hepdeden gowrak wagt bäri ýerli mediada hem-de metbugat serişdelerinde çala çalaran gara saçly keşbde çykyş edip başlady. Ondan ozal ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde Berdimuhamedowy görkezýän suratlar hem-de wideo şekiller ony doýgun gara saçly görkezýärdi. Berdimuhamedowyň täze keşbi barada Fransiýanyň “Agence France-Presse” (AFP) döwlet habar gullugy halkara jemgyýetçilige 2-nji awgustda habar berdi.
Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň girelgelerindäki tas ähli gatlarda oturdylan split sistemaly kondisionerlerden çykýan howurdan ýaňa öýlere pyýada çykyp-düşüp bolmaýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Ýene-de ýükle