Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki we Mary welaýatyndaky mugallymlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda belleniljek doglan güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär.
Eýran OPEK-iň nebit önümçiligini sähel artdyrmak meselesine özüniň taýýardygyny ýaňzytdy. Mundan ozal, Orsýet bilen Saud Arabystany sarp edijileriň ýokarlanýan bahalar bilen bagly aladalaryna jogap hökmünde, önümçiligi artdyrmagy teklip edeninde Eýran bu plany ret edipdi.
Şu gün 20-nji iýunda prezident Berdimuhamedow Täjigistana iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahata gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti özüniň nobatdaky zehinini, ýagny ulaglary konstruirlemek başarnygyny we bu babatdaky inženerçilik ukybyny görkezdi.
Gyrgyzystanyň häkimiýetleri öňki premýer-ministrleriň ýene birini korrupsiýada aýyplap, türmä basdylar. Ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Jantöre Satybaldyýewiň 18-nji iýunda tussag astyna alnandygyny yglan etdi.
Türkmenistanyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli ilatyň pensiýa pullaryny, çagalara berilýän döwlet kömek pullaryny we býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny plastik kartlary arkaly nagtlaşdyrmak boýunça kynçylyklary başdan geçirýändikleri habar berilýär. Aýdylmagyna görä, häkimiýetler munuň sebäbini döwlete hasyl tabşyran daýhanlara geçirilmeli tölegiň ilkinji nobatda zerurlygy bilen düşündirýärler.
Türkmenistanda manadyň bikanun konwertasiýasyny amala aşyrmakda aýyplanandygy aýdylyp, tussag edildi diýilýän raýatlaryň we howpsuzlyk gulluklarynyň derňewiniň dowam edýändigi habar berilýär. Bu barada ýagdaýdan habarly Azatlygyň güýç gulluklaryna ýakyn çeşmesi 19-njy iýunda maglumat berdi.
Türkmenistanda ykdysady krizisiň barha ýitelmegi bilen, azyk we senagat harytlarynyň, şeýle-de gurluşyk materiallarynyň hem-de hojalyk harytlarynyň bahalary ep-esli ýokarlandy. Azatlygyň habarçysynyň Daşoguz welaýatynyň bazarlaryndaky bahalara ser salyp, 18-nji iýunda ugradan maglumatynda munuň şeýledigini görmek bolýar.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň merkezindäki döwlete degişli çörek dükanlarynda çörek satylmaýar.
Britaniýanyň futbol janköýerleri öz komandalarynyň Dünýä futbol çempionatyndaky ýaryşy üçin Orsýetiň Wolgograda baryp başladylar. Olar bu ýerde orsýetli we britaniýaly futbol janköýerleriniň arasynda ozal ençeme gezek turan çaknyşyklara garamazdan gyzgyn garşylandy.
Golaýda Demirgazyk Türkmenistanda ýerleşýän käbir etraplaryň ýüzlerçe ýaşaýjysy Köneürgenjiň galla kärhanasynda her ele 50 kilogram un satylýandygy barada ilat arasynda ýaýran “myş-myşlara” eýerip, unuň gözleginde agzalýan zawoda barýar. Ýöne olar una derek häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolýar. Howpsuzlygyň we polisiýanyň işgärleri zawoda un tama edip barýan ýüzlerçe adamyň el telefonlaryny barlap, olary saklaýar we bir aý mundan ozal bugdaý gytçylygy sebäpli önümçiligi togtadylan, ýagny “işlemeýän” zawodyň işini bökdemekde aýyplap, adam başyna 20 manat jerime töledensoň, olary boşadyp oýlerine goýberýär.
Demirgazyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgelerinde täze çäklendirmeler öz güýjüne girýär. “Häkimiýetler türkmen-özbek serhet geçelgelerinden syýahat, söwda we ýaşaýyş wizasy bar raýatlaryň araçäkden haryt geçirmeklerine gadagançylyk girizdi. Bu ýagdaý tölegli wiza bilen haryt gatnadýan raýatlaryň girdejilerine uly zarba urdy” diýip, Azatlygyň habarçysy 15-nji iýunda maglumat berdi.
Mary welaýatynyň ekin meýdanlarynda bugdaý orulýar, emma etraplaryň ýaşaýjylarynyň un-çörek ýetmezçiliginiň ozalkysyndan hem artýandygyny görse bolýar.
Türkmenistanda döwlet derejesinde günäsi geçilip tussaglykdan boşadylan bendileriň azatlykda işsiz kösenýändigini, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlykda atsyz çykyş edýän habarçymyz 14-nji iýunda habar berdi.
Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň manada bolan ynjyk gatnaşygynyň fonunda, Aşgabatda döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp, käbir telekeçiler, bank işgärleri saklandy we hatda ilat arasynda “eldegirmesiz” hasaplanýan Milli howpsuzlyk gullugynyň käbir işgärleri hem jogapkärçilige çekiljege meňzeýär. Bu barada Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi habar berdi.
Orsýet NATO-nyň Ýewropada özüniň urşa taýýarlygyny güýçlendirmek baradaky täze planlarynyň kontinentde howpsuzlygy gowşatjakdygyny aýdyp, Moskwanyň muny öz harby planlarynda nazara aljakdygyny duýdurdy.
Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän metjitlerde, hususan-da Daşoguzyň uly metjidinde ogurlyk hadysalary ýygjamlaşýar.
12-nji iýunda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde bäş ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Trans-Anadoly (TANAP) gazgeçirijisiniň açylyşy boldy diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligi habar berdi. 2-nji iýunda Rejep Taýýip Erdogan bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda türk tarapynyň başlangyjy bilen geçirlen telefon söhbetdeşliginde Erdogan türkmen kärdeşini dabara çagyrypdy, ýöne Berdimuhamedow açylyşa gatnaşmady.
Şu ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýagan ýagyn sil suwlarynyň emele gelmegine getirdi we Mary welaýatynyň günorta-gündogar böleginde birnäçe obalary sil suwlary basdy diýip, ýaşaýjylar maglumat berýärler.
Demirgazyk Türkmenistanda ilat un ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi habar berýär. “Un Daşoguzda pula-da tapdyrmaýar. Häzir raýatlar bir aý öňünden nobata ýazylyp, adam başyna 3 kilogramdan berilýän una garaşýar emma gelýän un ýok. Welaýatymyzyň halky agyr ýagdaýa düşdi” diýip, çeşme habar berdi.
Ýene-de ýükle