Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň un ammarlarynda Gazagystandan, Orsýetden, Birleşen Arap emirliklerinden getirilen import unlarynyň ätiýaçlyklary gutarýar, olar Gazagystanyň, Orsýetiň we Awstraliýanyň unlaryny öz markalary bilen satýarlar diýip, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi habar berýär.
2017-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabada myhmançylyga gelen Moskwanyň döwlet sirkiniň tomaşaçylarynyň şu güne çenli hem azalmaýandygy aýdylýar.
Daşoguzda pagta hasylyny dolup bilmedik daýhanlary prokuratura soraga çagyryp, olara garşy derňew işlerini geçirip başlady.
Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan edildi hem-de, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin, soňky duýduryşy berildi.
Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi eýranly protestçilere öz goldawyny beýan edýän, şeýle-de Eýranda iki hepdeläp dowam eden demonstrasiýalarda Tähranyň tutda-baslygyny ýazgarýan rezolýusiýany tas biragyzdan kabul etdi.
9-nji ýanwarda ir ertir Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda nobatdaky gezek Aşgabadyň üstünden aýlanyp, şäher häkimi bilen iş maslahatyny geçirdi we şäher häkimi Durdylyýewe birnäçe görkezmeler berdi diýip, türkmen telewideniýesiniň Watan habarlar programmasynda reportaž görkezildi.
Türkmenistanyň prezidenti ýurtda agyr ykdysady krizisiň, pul ýetmezçiliginiň dowam edýändigi we ilatyň hal-ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygy aýdylýan wagtda, Aşgabatda täze “kaşaň” myhmanhanalary gurmagy tabşyrdy.
Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamak talaby ýurduň demirgazyk regiony Daşogza hem gelip ýetdi.
Saud Arabystanyň abraýly ruhanysy Assim Al-Hakeem bitkoin we beýleki kriptowalýutalaryň yslama gabat gelmeýändigini aýdýar.
Türkmenistanyň paýtagtynda bazarlaryň bazary sowuldy, ýagny alyjy ýok diýip, Aşgabatdaky bazarlaryň birinde söwda edýän täjir Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagy bilen sürüjilere girizilen gadagançylyklaryň gutarjagyna umyt edilen bolsa-da, ol aladalaryň artýandygyndan ilat juda nägile bolýarlar.
Amerikan mediasynyň bildirmegine görä, Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller Prezident Donald Trampyň kampaniýasy bilen Orsýetiň arasynda bolan mümkin koordinasiýa boýunça özüniň alyp barýan derňewiniň çäginde, Trampy soraga çekmeginiň ähtimaldygy hakda Ak Tamy habarly edipdir.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda geçiren ilkinji iş maslahatynyň dowamynda onlarça resmini etrap häkimi, etrap häkiminiň orunbasarlary wezipesine belledi.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Eýranyň çäginde soňky iki hepde bäri dowam edýän hökümete garşy protestler bilen baglanyşykly eýran hökümetiniň resmi pozisiýasyny mälim edip, protestleriň daşary ýurtlaryň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň, Ysraýylyň we Saud Arabystanynyň aňtaw gulluklary tarapyndan öjükdirilendigini belledi.
Türkmenistanda çagany mekdebe salmak üçin, onuň çagalar bagyna gatnandygy barada güwänama talap edilse, onda munuň çaglar baglarynyň töleglerini üýtgetmegi gözden geçirjek statistiki maglumatlar üçin ýygnaljakdygyny Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň Bilim bölümleriniň käbir resmileri Azatlygyň ýerli çeşmelerine aýtdylar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň we işsizligiň fonunda, eklenç üçin Türkiýä gaýdýan zähmet migrantlarynyň ykballary barasynda, türk mediasynda dürli maglumatlar ýaýraýar. Türk mediasy aýratyn-da Türkiýede aldawa salynýan türkmen zähmet migrant zenanlaryň ykballaryna häli-şindi üns çekýär.
Geçen ýylyň 28-nji dekabrda Aşgabat şäherinde gara reňkli awtoulaglary sürmeklige gadagançylyk girizilip, olary ak reňke boýamak barada polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan sürüjilere görkezme berilip, olaryň awtoulaglary jerime awtoduralgasyna salnyp başlandy.
Türkmen hökümeti we mediasy ýurtda giň gerimli, häzirki pursatda bolsa 43 milliard dollarlyk gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bularyň ýurduň “bedew bady” bilen ösýändiginiň bir “delili” hökmündegiňden mahabatlandyryp maglumat berýär
Eýrandaky protestler ýurtda ýaşaýan we halk arasynda "Türkmensähra türkmenleri" diýip atlandyrylýan etniki türkmenlere nähili täsir ýetirýär?
Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary daşardan gurnalandygyny öňe sürýän hökümete garşy protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar.
Ýene-de ýükle