Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Azatlygyň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky çeşmeleri 2017-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri etrapda “sary unuň ýokdugyny” habar berýärler we dükanyň işiginde diňe garawulyň oturandygyny aýdýarlar.
Türkmen parlamenti “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” Türkmenistanyň kanunyny kabul etdi.
Türkmenistanda fewral aýyndan başlap pensionerler, maýyplar, çaga üçin kömek pullaryny alýanlar ony bankomatlaryň üsti bilen almaly bolarlar.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranda geçýän hökümete garşy ganly protestleri adatdan daşary ýygnak geçirip maslahat etmeginiň öňüsyrasynda, Eýranda ýene-de hökümete arka çykýan demonstrasiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.
Lebap welaýatynda türkmenabatly bir ýaşaýjynyň agyr urgular sebäpli ýogalandygy, emma muňa garamazdan, onuň ölümine saglyk ýagdaýynyň sebäp bolandygy aýdylyp, degişli derňew işiniň hem gozgalmandygy barada maglumat gowuşdy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Milli howpsuzlyk ministrliiginiň Moskwadaky ozalky rezidenti, soňra general we MHM-niň başlygynyň birinji orunbasary bolan Rahman Allakowyň ýogalandygyny habar berýär.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens demokratiýa we azatlyk ugrunda Tähranda köçä çykyp protestlere gatnaşýan ýaş eýranlylary Birleşen Ştatlaryny özleriniň “tebigy ýarany” hökmünde görmäge çagyrdy.
Eýranda hökümete garşy protestler ikinji hepde-de dowam edýär. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp protestçilere “wagty gelende” kömek bermegi teklip edensoň, Tähran ABŞ-y öz içerki işlerine gatyşmakda aýyplaýar.
Ak tamyň ýokary derejeli maslahatçysy MakMaster ABŞ-nyň mili howpsuzlygyny goramakda edilmeli iň esasy wezipeleriň biri Orsýetiň bütin dünýädäki saýlawlara “mekir” gatyşygynyň üstüni açyp, Moskwanyň mundan beýläk demokratik prosese badak salmagynyň öňüni almakdyr diýdi.
Birleşen arap emirlikleriniň kosmos gullugy 2014-nji ýylda döredilendir.
Täze – 2018-nji ýyla geçilmegi bilen Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda 1 litrlik Ahal ýagynyň ozalky 3 manat 40 teňňe bolanlygyndan 4 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy.
Türkmenbaşy şäherinde häkimiýetler telekeçilere hususy dükan gurmak üçin ýer bermegi planlaşdyrýarlar, ýöne dükan ýerleriniň ýerli telekeçilere däl-de, ýurduň başga regionlaryndan gelip dükan gurjak telekeçilere berilmek ähtimallygyndan alada bildirilýär.
Türkmenistanda täze okuw ýylyndan başlap, mekdep ýaşyna ýeten çagalary okuwa salmak üçin, olaryň çagalar bagyna gatnandygy barada, güwänamanyň talap ediljekdigi aýdylýar.
Ýewropaly liderler ABŞ-a goşulyp, Eýranyň dürli künjünde geçirilýän protest çärelerinde “kabul ederliksiz adam ýitgileriniň” bolmagyny ýazgardy we olar Tährany protestçileriň öz aladalaryny azat-erkin beýan etmeklerine rugsat bermäge çagyrdy.
2017-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Aşgabat şäherinde ilata hyzmat edýän awtobuslaryň tölegleri töleg kartlarynyň üsti bilen amal edilip başlandy.
“Bu ýyl Aşgabatda Täze ýyl şatlygy, şagalaňy ýa şowhuny kän duýulmady” diýip, anonim şertde gürleşen ýaşajylaryň biri aýtdy. “Birinjiden, köçelerde adam az boldy, ikinjiden, gije 12 bolanda ýaşlar seýilgählere çykyp, şowhun edýärdiler, bu bolmady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Çeçenistanyň Şali şäherinde 20 müň adamlyk metjit salynýar.
Türkmenistanda soňky bir ýylda paýtagt Aşgabat bilen welaýatlaryň adminstratiw merkezleriniň arasynda ýolagçy awtobuslarynyň gatnawy ýola goýuldy, emma ençeme sagatlyk uzak ýola gidýän adamlaryň iň ilkinji amatlyklary, zerur hajatlary bir ýyl bäri gözden salynýar.
Eýranda resmileriň basyp ýatyrmak bilen haýbat atmagyna garamazdan bäş gün bäri üznüksiz dowam edýän hökümete garşy protestler öten agşam ýene dokuz adamyň, şol sanda bir polisiýa işgäriniň öldürilmegi bilen gazaply herekete ýazdy.
Türkiýäniň paýtagty Ankarada dekabr aýynyň ahyrynda, Türkmenistanda işläp gaýdan birnäçe türk işçisi aýlyklary tölenmänsoň kyn ýagdaýa düşen segsen töweregi maşgalanyň adyndan, türkmen ilçihanasynyň öňünde nägilelik bildirip, metbugata beýannama berdiler.
Ýene-de ýükle